Sepleriň elýeterliligi

Zasurski: Putiniň mediasy tukatlandyrýar


Russiýanyň gazetleri.

Russiýanyň gazetleri.

Eger Orsýetde žurnalistika boýunça bir halypa bar bolsa, onda ol Ýasen Zasurskidir.

85 ýaşly Zasurskiý 40 ýyldan gowrak M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa döwlet uniwersitetiniň Žurnalistika fakultetine ýolbaşçylyk etdi.

Onuň öz eli bilen diplomlaryny gowşuran žurnalistleriniň sanawy gaty täsin. Bularyň biri uzak wagtlap derňeýji žurnalist bolup işläň Ýuriý Şçekoçihin. Ol 2003-nji ýylda agyr zäherlenmä çalymdaş simptomlar bilen syrly ýagdaýda tarpa-taýyn aradan çykdy. Derňeýji žurnalist Anna Politkowskaýa 2006-njy ýylda Moskwada öldürildi. “Himkinskaýa Prawdanyň” öňki redaktory Mihail Beketow 2008-nji ýylda rehimsizlik bilen ýenjilende ýaralanyp, 2013-nji ýylda şol ýaralar sebäpli dünýäden ötdi.

Ýasen Zasurski.

Ýasen Zasurski.

Ýöne Zasurskiý öz kurslaryny gutaryp, indi hem prezident Putiniň hökümetiniň golastynda Orsýetiň döwlet telekanallarynyň ýyldyzlary hasaplanýan beýleki žurnalistlere guwananok. Has dogrusy, bu ýagdaý ony tukatlandyrýar.

Zasurskiý "Men bolýan zatlaryň nähili düşündirilýändigini bilmek üçin kämahallar sanlyja programmalara tomaşa edýärin. Ýöne bular tälim-terbiýä bütinleý ters işler" diýip, öz garaýşyny beýan edýär.

“Ýakymsyz gelýär”

Ol soňra hem: "Telewideniýe bize käbir maglumatlary berýär. Ýöne onda çynlakaý ýa analitiki zat ýok. Dünýäde näme zatlaryň bolýanyny bilmek üçin telewizora tomaşa etmegiň peýdasy ýok. Munuň üçin esasy çeşmeler sosial ulgamlar" diýip, sözüniň üstüne goşýar.

Zasurskiý öz pikirlerini beýan edýan birje žurnalist-de ýok diýýär: "Olaryň berýän zatlaryny görmek maňa köplenç ýakymsyz gelýär. Telewideniýeden maglumat edinjek bolup synanyşmaly däl. Ol ýerdäki zatlaryň hemmesi resmi bildirişler. Analitiki zat ýok. Seniň ýüzi perdeli adama öwrülmegiň mümkin".

Studentleriniň biri, ýagny döwlet telekanalynda habarlary okaýan Ernest Matskýawiçýus golaýda Orsýet häzir informasiýa urşunda , žurnalistler žurnalistikanyň öň kabul edilen halkara ölçeglerini ret etmeli diýip jar etdi diýlende, Zasurskiý seňrigini ýygryp, ol "bir ajaýyp studentdi" diýýär.

"Munuň bilen ylalaşamok. Sebäbi hiç bir uruş adamlary kör we ýaragsyz edip bilmez. Halkda haçan-da ýeterlik maglumat bolmasa, ýa maglumat doly bolmasa, adam şonda ýaragsyzdyr. Şeýle bolanda, duşmanyň hüjümleriniň öňünde-de boýun egeris" diýip Zasurski aýdýar.

“Ýaraşykly ýoda”

Zasurskiý aç-açanlyk reformalary 1980-nji ýyllaryň aýaklarynda žurnalistleriň altyn asyryna getiren öňki sowet prezidenti Mihail Gorbaçýowy köp hormatlaýar. Ýöne ol Orsýetiň öňki prezidenti Boris Ýeltsin barada o diýen joşgunly gürlänok.

Ýeltsin barada ol Gorbaçýowyň reformalaryny netijeli ýerine ýetirip bilmedi, "Möhüm wagtda ýitip gitdi". Putin käbir oňaýly işleri bitirse-de, Ýeltsiniň ony özüne oruntutar etmegi ýurt üçin "ýaraşykly ýoda" däldi diýýär.

Zasurskiý özüniň uzak ömründe köp zatlary görüpdir. Ol 1929-njy ýylda Moskwada doglupdyr. Ikinji jahan urşunda birnäçe wagtlap Sibirde Barnaulda bolanyny nazara almasaň, tutuş ömrüni Moskwada geçiripdir.

1948-nji ýylda Moskwanyň döwlet pedagogik uniwersitetiniň iňlis dili fakultetini tamamlan Zasurskiý 1967-nji ýylda 20-nji asyr amerikan edebiýatyndan dissertasiýa gorap, doktorlyk derejesini alýar.

Ol 1955-nji ýylda Moskwanyň döwlet uniwersitetiniň žurnalistika fakultetine işe girip, 1965-nji ýyldan 2007-nji ýyla çenli bu fakultete ýolbaşçylyk edýär.

XS
SM
MD
LG