Sepleriň elýeterliligi

Aşyk Gara


Gara Seýitliyew, Aşgabatdaky ýer titremesiniň yzysüre, 1948.

Gara Seýitliyew, Aşgabatdaky ýer titremesiniň yzysüre, 1948.

Şu ýyl belli şahyr, medeni meseleler boýunça belli döwlet işgäri Gara Seýitliniň 100 ýyllygy bolmaly. Ol döwürde doglanlaryň senesi takyk bolmansoň, tutuş ýyl göz öňünde tutulsa, has mynasyp bolar.

Ýöne şahyry ýüz ýyla çenli ýaşatmak islemediler. Sowetler zamanynda onuň edebi mirasyna kembaha garadylar. Garaşsyzlyk zamanynda bolsa şahyryň adyny göterýän Medeni aň-bilim tehnikumy ýapyldy. Prezident S. Nyýazow: “Gara Seýitli ýaly şahyrlar XXI asyra geçip bilmez” diýip, welilik satdy. Ýöne täze asyr Gara Seýitli ýaly şahyry berip bilmedi. Şonuň üçinem ol öz ornuny saklap gelýär. Onuň aýdymlary entegem halkyň dilinde ýaşaýar.

Lirika – aýdym

Geçen asyryň ikinji ýarymyndaky türkmen durmuşyny Gara Seýitliniň aýdymlary bezedi.

Onuň eserleri aýdymçy-bagşylar hem professional kompozitorlar tarapyndan ýüzugra aýdyma öwrülýärdi. Şahyryň eserlerinde şatlyk, joşgun hem aşa ýokary sazlaşyk möwç urýardy. Megerem, onuň goşgulary aslynda aýdym bolup döreýändir.

Beslenip gelende baharyň çagy,
Ýaşyl don geýiner Pöwrize dagy,
Altyn çeşme atly akar bulagy,
Şirin-şerbet üste içer Aşgabat,
Gün-günden güýç alyp, göçer Aşgabat.

Aşgabat-Aşgabat, janym, Aşgabat,
Watanym, şöhratym, şanym, Aşgabat.

Kompozitor Aşyr Kulyýew tarapyndan aýdyma öwrülen “Aşgabat” täze medeniýetiň iň gowy nusgasy boldy.
Ol Rehmet Seýidowdan soňra türkmen bagşylarynyň repertuaryna giren, ýagny goşgulary dutardyr gyjaga goşulyp, aýdyma öwrülen esasy uly şahyrdy.

Dogaňda dogupsyň gaşy sürmeli,
Zülpleriňi ogşap-ogşap örmeli.
Bagty görmek islän seni görmeli,
Düşümlidir, Gülüm, aýagyň seniň.

Elbetde, bu “Gaşy sürmeli” diýen goşgudan. Onuň adyndan başlap, tä aýagyna çenli örän akgynly.

Alkymyňdan atyr ysy burk urar,
Gülabyň gaýmagy dodagyň seniň –

Megerem, bu hem aýdym, hem goşgy hökmünde ajaýyp nusga bolsa gerek.

Ölmez, Güljahanym, saňa ýar bolan,
Gülmez, Güljahanym, saňa zar bolan.

Bu güne çenli aýdylýan “Daň şemaly”, “Söwer ýar”, “Hally gözel”, “Hindistan”, “Aýperi”, “Leýla” ýaly aýdymlar hem Gara Seýitliniň goşgusyna döredilipdi.

Özge illerde

Gara Seýitliniň lirikasyna döredilen aýdymlar ýurduň çäginden daşarlarda-da ýaňlanýardy.

Kompozitor Anderý Babaýew bilen Gara Seýitliniň türkmen kinofilmlerine döredn aýdymlaryny ýatlamak möhüm. Olar türkmen aýdymynyň gerimini SSSR-e çykardylar. Iki ussadyň döreden “Söýgülimiň gözleri” aýdymyny türki haklaryň arasyndan çykan iň tanymal aýdymçy Reşit Beýbütow aýdypdy. Ol aýdym 60-70-nji ýyllarda uly meşhurlyk gazandy.

Ynsan borjy

Şahyr Gara Seýitli durmuşyň möhüm meselelerine ýüzlenip, uly poeziýa geldi. Ol Ikinji Jahan urşunyň başynda şeýle ýazdy.

Halkym!
Gahryman halkym!
Sesime ses ber.
Eliňde ataş, maňlaýyňda der.
Biziň ýigitler.
Algyr bürgütler kimin göreşlerde gan dökýär.

Şahyryň paýhasa öwrülen, ýollaryň ugrunda ýazylyp goýlan setirleri-de bar.

Dünýäden gitmesin hiç kim bergidar,
Iň bolman, bir agaç eksin ýadygär.

Dostlugyň aşygy

Ol dostlugy wasp etdi. Şahyryň “Hindistanyň gülleri” goşgular kitabyny ýatlalyň.

Ýörişiň messan-messan,
Her bakyşyň bir dessan.
Seni dünýä bagş eden
Gözel ülke Hindistan.
Seniň röwşen gözleriň gözlerimde saklansyn,
“Gara saňa aşyk” diýip, goý, çaklansa çaklansyn.

Nähili akgynly hem öz-özünden aýdym bolup duran setirler. Bu goşga belli dirižýor hem kompozitor Hydyr Allanurow saz ýazypdy. Ony belli opera tenory Bäşim Artykow aýdýardy. Aýdym bilen sazyň arkasyndan Medeniýet Şahberdiýewanyň owazy ýaňlanýardy. Bu öň bizde görülmedik we eşidilmedik sungatdy.

Eýsem şol döwür poeziýamyzda seýrek duşýan iki setirli goşgyny-da biz “Hindistantyň güllerinden” okapdyk.

Çyrmaşyk dek çyrmanda, hindi gyzy sarisin,
Näçe ýazsam ýazabilmen, gözelligniň ýarysyn.

Bir hindi gyzy aýdan: – Men bir goja ýar boldum,
Aşyň özünden doýman, tüssesinden kör boldum.

Hatyra

Şahyr baradaky sözi onuň beýik şahyra bagyşlap ýazan “Daglar” eseri bilen tamamlasak ýerlikli bolar.

Ölüm ýassygynda ýatan çaglary,
Pyragyň hoşlaşan beýik daglary.
Şahyrymyz ötdi diýmäň dünýäden,
Hoşlaşyban gitdi diýmäň dünýäden.
Ýüreklere ýürek sözün dolduran,
Dür söz bilen dünýä özün aldyran.
Dünýäniň aşygy dünýäden gitmez,
Dünýäň aşygyny dünýä unutmaz…

Dünýä durdugyça durar Pyragy,
Akyl saçar, söhbet gurar Pyragy.

Hudaýberdi Hally, ýazyjy. Bu ýerde aýdylanlar awtoryň şahsy pikiri.

XS
SM
MD
LG