Sepleriň elýeterliligi

Merkezi Aziýa suw krizisi howpy abanýar


Prezident G.Berdimuhamedow 7-nji Bütindünýä Suw forumyna gatnaşýar, Koreýa, 12-nji aprel, 2015 ý.

Prezident G.Berdimuhamedow 7-nji Bütindünýä Suw forumyna gatnaşýar, Koreýa, 12-nji aprel, 2015 ý.

“Indiki jahan urşy suw resurslarynyň üstünde turar”. Bu pikir howsalaly bolup eşidilse-de, ol degişli ylmy bolmadyk duşuşyklaryň hersinde diýen ýaly ýygy-ýygydan dile getirilýär.

Munuň nä derejede hakykata bap gelýändigi belli däl. Emma bu garaýyşlar dogry bolup çykaýsa, suw dartgynlygy tutaşaýjak ilkinji sebitlerden biri Merkezi Aziýa.

Sebäbi, Merkezi Aziýa ýurtlaryny suw bilen üpjün edýän Amyderýanyň we Syrderýanyň gözbaşyny emele getirýän daglardaky buz gatlaklary gutaryp barýar; gürrüňini edýän derýalarymyzyň suwlary hem gitdigiçe azalýar.

Bir wagtlar gury ýeriň üstündäki dünýäniň iň uly deňizleriniň biri hasaplanan Aral deňziniň uly bir bölegi gurap, ýok bolup gitdi.

Suwuň üstünde Özbegistanyň, Täjigistanyň, Gyrgyzystanyň arasynda hem wagtal-wagtal çekeleşikli çekişmeler döreýär. Eýse, Merkezi Aziýada suw resurslarynyň azalmagy bilen, regionyň geljekki ykbaly nähili bolar?

Mejlis atly ýörite programmanyň bu sanynda bu soraga jogap tapmaga synanyşylýar. Gepleşigimiziň myhmanlary:

Kaveh Madani : Londondaky Ipmerial kollejiniň uly ylmy işgäri, häzirki Eýranda Urumiyah köli barada barlag işlerini geçirýär,

Ryskeldi Satke; Merkezi Aziýada suw ýagdaýlary barada iş alyp barýan bişkekli ekspert

Bruce Pannier; Azatlyk Radiosynyň Merkezi Aziýa sebiti barada makalalary çap edýän “Kişlog owazi” blogunyň redaktory.

Programmany Azatlyk Radiosynyň müdiri Muhammad Tahir alyp barýar.

Gepleşigi diňlemek üçin aşakdaky düwmä basyň.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG