Sepleriň elýeterliligi

Gürji oppozisionerine 4 ýyl berildi


Gürjüstanyň sudy oppozisiýa liderini, jemgyýetçilik emlägini nädogry ulanmakda aýyplap, dört ýyl türme tussaglygyna höküm etdi.

Bu höküm ol 14 aýlyk bikanun tussaglykdan boşadylanyndan bir gün soň çykaryldy.

Tbilisiniň ozalky häkimi we öňki prezident Mihail Saakaşwiliniň ýarany Gigi Ugulawa bu hökümi bikanun diýip ýazgardy we onuň hökümetiň syýasy garşydaşlary ýok etmek üçin ulanýan çäresiniň bir bölegidigini aýtdy.

Ugulawanyň aklawçysy Beka Basilaýa «biz bu hökümiň üstünden ýokary suda şikaýat ederis» diýdi.

Şeýle-de ol öz müşderisiniň ol ýa-da beýleki günäsini görkezýän deliliň ýokdugyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG