Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Siriýanyň 56 esgeri öldürildi


Yslamçy pitneçileriň Siriýanyň howa bazasynda ýesir alnan 56 esgeri köpçülikleýin jezalandyrma usulynda, atyp öldürendikleri aýdylýar.

Siriýanyň Londondaky Adam hukuklary obserwatoriýasynyň maglumatyna görä, bu jezalandyryş birnäçe gün ozal, Abu al-Dahur howa bazasynda amala aşyrylypdyr.

Idlib welaýatyndaky howa bazasy yslamçy pitneçiler tarapyndan 9-njy sentýabrda basylyp alnypdy.

Adam hukuklary obserwatoriýasynyň direktory Rami Abdulrahman bu habaryň ýerli çeşmelerden gowşan maglumatlar we suratlar bilen tassyk bolandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG