Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistanda 42 adam öldürildi


Pakistanyň harby resmileri «talyban» ýaraglylarynyň, howa bazasyna zabt edip, 29 adamy, şol sanda metjitde namaz okaýan 16 adamy öldürendiklerini aýdýarlar.

Ýaragly adamlaryň hem azyndan 13-si öldürilipdir. 18-nji sentýabrda Peşewar şäheriniň golaýyndaky Badeber howa bazasyna edilen hüjüm Pakistanyň taryhynda harby nokada edilen iň ganly hüjüm boldy.

Harbylar ýaragly adamlaryň howlynyň içindäki metjide urup girip, ol ýerde namaz okaýan adamlary hem atyp öldürendiklerini aýtdylar.

Hüjümiň jogapkärçiligini «Talyban» öz üstüne aldy. Bu hüjümden gysga wagt soň Günorta Waziristan tire sebitine dron zarbasy urlup, azyndan 3 jeňçi öldürildi, 5-isi bolsa ýaralandy.

XS
SM
MD
LG