Sepleriň elýeterliligi

Prezident pagtaçylary gyssaýar


Lebaply pagtaçylar. 2014.

Lebaply pagtaçylar. 2014.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler kabinetiniň anna güni geçirilen mejlisinde ýurduň regionlarynda pagta ýygymynyň guralyşyndan nägilelik bildirdi.

Prezident regionlaryň gowaça meýdanlarynda ýaprak düşürmek işiniň ýaňy başlanýandygyny, pagta hasylyny ýygmaga çykarylan kombaýnlaryň bolsa ýeterlik däldigini aýtdy. Türkmen lideri bu kemçilikleri düzetmek üçin bir hepde wagt berdi.

Türkmen metbugaty şu ýyl gowaça ekerançylygy üçin 545 müň gektar ýeriň bölünip berlendigini aýdýar.

Resmi habarda aýdylmagyna görä, 29-njy awgustda başlanan pagta ýygymyndan öň jemi 500 sany pagta ýygýan kombaýn, şol sanda 3027 awtotransport tehnikasy, pagta daşamak üçin 2340 traktor we 3558 sany traktor tirkegi, teležkasy taýýar edilipdir.

Türkmen lideriniň Ministrler kabinetiniň mejlisinde nygtamagyna görä, ýetişdirilen pagta hasylyny wagtynda we ýokary hilli ýygnap almak üçin tehniki serişdeleriň netijeli ulanylmagy gerek.

«Türkmenistan: Altyn asyr» saýty döwletiň pagtaçylyk pudagynyň maddy-tehniki bazasyny ýokarlandyrmak üçin düýpli serişde goýberýändigini, şeýle-de daýhan birleşiklerine we kärendeçilere ýeňillikli şertlerde tehnika, tohum, dökün, suw kömeginiň berilýändigini gaýtalaýar.

Mundanam başga, resmi metbugat daýhanlaryň döwlet planyndan artyk öndürilen pagtany satyp, gowy girdeji almak mümkinçilikleriniň bardygyny hem ýatladyp durýar.

Emma Azatlyk radiosy bilen söhbetdeş bolan kärendeçileriň käbiriniň pikirlerine görä, ýylyň-ýylyna 'turýan pagta galmagaly" adamlaryň bu işden ýeterlik girdeji alyp bilmeýandigi, netijede başga iş edenini gowy görýändigi bilen bagly.

Hukuk goraýjy aktiwistleriň ynanjyna görä, Türkmenistanda pagta ýygymy esasan mejbury zähmetiň bir görnüşi bolup galýar we bu ýagdaý köplenç bazar ýörelgelerine doly geçilmezligi, ýeriň we ekiljek ekiniň ygtyýarynyň daýhanyň özüne berilmezligi, döwletiň we prezidentiň komanda-buýruk dolandyryş usulyny saklap galmak synanyşygy bilen bagly.

Türkmenistan, Özbegistan ýaly ýurtlarda gowaça meýdanlarynda çagalaryň, mugallymlaryň, saglyk işgärleriniň we beýlekileriň mejbury işledilmegi ýaly faktlara halkara derejesinde iş alyp barýan hukukçy aktiwistler, şol sanda “Cotton Campaign” ullakan alada bildirýär.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG