Sepleriň elýeterliligi

Gazagystan esger hadysasyny derňeýär


Gazagystanyň häkimiýetleri 19-njy sentýabrda Hazar deňzinde geçirilen harby türgenleşik mahalynda gark bolan dört esger bilen bagly ýagdaýlary derňejegini aýtdy.

Goranmak ministri Imangali Tasmagambetow 19-njy sentýabrda Kaspi ýakasyndaky Aktau şäherine, 18-nji sentýabrda geçirilen türgenleşik mahalynda betbagtçylyk bolan ýere sapar etdi.

Aýdylmagyna görä, ol regionyň harby resmileriniň dördüsini wezipesinden boşatdy.

Şu aralykda Gazagystanyň harby tribunaly gark bolan esgerleriň işi boýunça jenaýat işini açdy. Ol esgerler BTR-80 bronly tehnikasynda desant düşürilende gark bolupdyr.

XS
SM
MD
LG