Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin Belarusda baza döretmegi goldaýar


Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin Belarusda täze rus howa bazasyny döretmäge goldaw bildirdi.

Putin 19-njy sentýabrda özüniň harby baza gurmak baradaky hökümet teklibine razy bolandygyny we goranmak we daşary işler ministrlikleriniň resmileriniň bu mesele barada Belarus bilen gepleşiklere başlamagyny buýrandygyny aýtdy.

Bu plan uly bir päsgelçilige gabat geler öýdülmeýär.

Orsýetiň goranmak resmileriniň aýtmagyna görä, bu baza Su-27 söweş uçarlary üçin gurlar.

Orsýetiň Belarusda iki sany harby desgasy bar, olar radar-gözegçilik stansiýasyndan we suwasty gämi kordinasiýasy merkezinden ybarat.

XS
SM
MD
LG