Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kerri: Siriýadaky rus uçarlary alada döredýär


Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Jon Kerri 19-njy sentýabrda Orsýetiň Siriýa taktiki awiasiýany eltmegi Waşingtony biynjalyk etdi diýdi.

Kerri Londonda, Britaniýanyň daşary işler sekretary Filip Hammond bilen duşuşykdan soň çykyp gürledi.

Ol rus uçarlarynyň ABŞ-nyň harbylaryna we onuň ýaranlygyndaky harby güýçlere wehim salyp biljegini boýun aldy.

Amerikan resmileri Orsýetiň 18-nji sentýabrda Siriýadaky baza az möçberde söweş uçarlaryny eltendigini aýdýarlar.

Bu iş ABŞ-nyň goranmak sekretary Aş Karter Orsýetiň goranmak ministri Sergeý Şoýgu bilen gepleşeninden birnäçe sagat soň edildi. Bu gepleşik iki ýurduň arasynda bir ýyldan gowrak wagt bäri edilen ilkinji göni harby aragatnaşyk boldy.

Kerri 19-njy sentýabrda asmanda söweşýän we ýerden raketa atmaga ukyply uçarlaryň eltilmeginiň çynlakaý aladalary döredýändigini aýtdy.

Orsýet özüniň Siriýa berýän harby kömeginiň «Yslam döwleti» jeňçi toparyna garşy söweş üçin niýetlenendigini aýdýar.

Emma Waşington bu kömek Siriýanyň prezidenti Başar al-Assadyň režimini güýçlendirer we raýat urşuny uzaga çekdirer diýip alada edýär.

XS
SM
MD
LG