Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rim papasy Hawana bardy


Rim papasy Fransis Hawana, Kuba bardy. Ol bu saparynyň dowamynda Birleşen Ştatlara hem barar.

Rim papasy 19-njy sentýabrda Kubanyň prezidenti Raul Kastro bilen görüşdi we Kuba bilen Birleşen Ştatlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň golaýdaky taryhy ýylamasyna ýokary baha berdi.

«Indi birnäçe aý bäri biz umyt beriji wakalara şaýat bolýarys, ýyllara çeken kesekileşmeden soň iki halkyň arasynda gatnaşyklaryň kadalaşma prosesi barýar» diýip, ol aýtdy.

Ol iki ýurduň liderlerini şu ýol-ýodany, bütin dünýä üçin ýaraşygyň we oňşuklylygyň mysaly boljak ugry dowam etdirmäge çagyrdy.

78 ýaşynda pop Birleşen Ştatlara ugramazyndan öň Kubada üç gijesini geçirer we geljek hepde ABŞ-nyň Kongresinde hem-de BMG-niň Baş Assambleýasynda çykyş eder.

XS
SM
MD
LG