Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanda hytaý, ýapon dilleri öwrediler


Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow ýurduň bilim sistemasynda daşary ýurt dillerini öwretmegiň aktualllygyna aýratyn üns bermäge çagyrdy.

Türkmen metbugatynyň ýazmagyna görä, prezident Berdimuhamedow 18-nji sentýabrda geçiren hökümet maslahatynda ýurduň daşary ýurtlar bilen edýän hyzmatdaşlygynyň çäginiň giňemegini nazara alyp, hytaý we ýapon dilleriniň öwrenilmegi boýunça tabşyryk beripdir.

Ministrler kabinetiniň mejlisinde hytaý we ýapon dilleriniň diňe çet dilleri öwredýän okuw jaýlarynda ýa fakultetlerde däl, eýsem tehniki, ykdysady we beýleki ugurly ýokary okuw jaýlarynda hem öwrenilmegi barada gürrüň edildi.

Resmi habarda aýdylmagyna görä, ýakyn wagtlarda orta mekdepleriň bäşinji klaslaryndan başlap, ýapon we hytaý dillerini öwretmegiň metodikasy işlenip düzüler we durmuşa geçiriler.

XS
SM
MD
LG