Sepleriň elýeterliligi

Awstriýa müňlerçe bosgun girdi


Awstriýa, Nikelsdorf serhet geçelgesi.

Awstriýa, Nikelsdorf serhet geçelgesi.

Awstriýanyň polisiýasy 19-njy sentýabrda ýurda 10 müňden gowrak migrantyň gelendigini, 20-nji sentýabrda bolsa Wengriýanyň Nikelsdorf serhet geçelgesi arkaly 4700 migrantyň geçendigini aýtdy.

Nikelsdorf geçiş nokadynda ýedi müň çemesi adam toplanan mahaly esgerler, meýletinçiler bileleşip, Awstriýanyň serhedinden düzgün-tertibi berjaý etmek üçin tagalla etdiler.

Awstriýanyň Gyzyl haç guramasy 2 müň migrantyň, serhet postlaryndan aýlanyp, Germaniýa aşmagy başarandygyny aýtdy.

Bu migrantlaryň köpüsi, käbir ýurtlar günbatar Ýewropa barýan ýollary baglansoň, ençeme günläp azyk-suwluksyz galdy.

Migrantlaryň ýoly ilki Wengriýada baglandy. Bu ýurt Serbiýa bilen serhedini tikenli sim germewi bilen ýapdy we adamlary saklamak üçin käbir berk çäreleri gördi.

Bu ýagdaý goňşulykdaky Horwatiýa üç günüň dowamynda 20 müňe golaý bosgunyň akmagyna sebäp boldy. Horwatiýa munça bosguna tap getirip biljek däldi.

Netijede, Horwatiýa gelen adamlary Wengriýa tarap yzyna ugratmaga, şonuň bilen birlikde Serbiýa bilen aradaky geçiş nokatlaryny ýapmaga başlady.

Wengriýa şondan soň, bu çärä jogap edip, migrantlary awtobusly we otluly Awstriýa serhedine getirmäge başlady.

Şu aralykda Sloweniýa hem öz serhetlerini ýapdy we 18-nji sentýabr güni giçlik migrantlara garşy burç suwuklygyny ulandy.

Bosgunlaryň köpüsi Siriýadaky, Owganystandaky, Yrakdaky uruşlardan gaçyp gelýän adamlar, Ýewropa Bileleşigi üç aýyň dowamynda 250 müň çemesi gaçybatalga talapnamasyny kabul etdi.

Bosgunlar, Lesbos adasy, 9-njy sentýabr, 2015.

Bosgunlar, Lesbos adasy, 9-njy sentýabr, 2015.

Şu aralykda Gresiýanyň Lesbos adasynda 30-a golaý bosgunyň tapylmaýandygy aýdylýar. Bu Gresiýada soňky aýlarda çöken we ýüzlerçe adamy öldüren gämi heläkçilikleriniň soňky mysaly bolup görünýär.

Gresiýanyň kenarýaka serhetçileri 20-nji sentýabrda dikuçar bilen 20 adamy halas etdiler, emma aman galanlar gämide ýene 26 adamyň bolandygyny aýtdylar.

Şu ýyl, şu wagta çenli, Ortaýer deňziniň üstünden Ýewropa aşmak töwekgelligine baş uran ýarym milliona golaý adamyň 2600-den gowragy heläk boldy.

Migrantlaryň köpüsi, deňiz töwekgelliginden sowa geçmek üçin, Türkiýäniň Gresiýa we Bolgariýa bilen gury ýer serhetlerine tarap ugur aldy.

Iňlisçeden terjime eden Ýowşan Annagurban.

XS
SM
MD
LG