Sepleriň elýeterliligi

'Syriza' saýlawlarda ýeňiş gazandy


“Syriza” partiýasynyň lideri öňki premýer-ministr Aleksis Tsipras partiýanyň saýlawlardaky ýeňişini dabaralaýar, Afinler, 20-nji sentýabr, 2015.

“Syriza” partiýasynyň lideri öňki premýer-ministr Aleksis Tsipras partiýanyň saýlawlardaky ýeňişini dabaralaýar, Afinler, 20-nji sentýabr, 2015.

Çepçi “Syriza” partiýasy 20-nji sentýabrda geçirilen parlament saýlawlarynda 35.47% ses toplap ýeňiş gazandy.

Ýurduň Içeri işler ministrligi 21-nji sentýabrda sesleriň 99%-ni sanap, deslapky netijeleri yglan etdi.

Resmi sanlara görä, “Syriza” 300 orunlyk parlamentde 145 orun eýeläp biler. Konserwatiw “Täze demokratiýa” partiýasy sesleriň 28%-ni toplap 75 mandata eýe boldy, “Altyn säher” atly aşa sagçy partiýa seleriň 18% -tini we Kommunistik partiýasy 15%-tini topladylar.

Ses berijileriň gatnaşyk derejesiniň 55% bolandygy habar berildi.

“Syriza” partiýasynyň lideri öňki premýer-ministr Aleksis Tsipras awgust aýynda wezipesinden çekilýänçä özüniň koalision partnýory bolan sagçy “Garaşsyz grekler” partiýasy bilen koalisiýa gurjakdygyny yglan etdi.

XS
SM
MD
LG