Sepleriň elýeterliligi

Netanýahu Moskwa barýar


Ysraýylyň premýer-ministri Benjamin Netanýahu

Ysraýylyň premýer-ministri Benjamin Netanýahu

Ysraýylyň premýer-ministri Benjamin Netanýahu Moskwada Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşyp, Kremliň Siriýada harby taýdan ornaşmagynyň möçberini ýaýbaňlandyrmak meselesini maslahat eder.

21-nji sentýabrda boljak gepleşiklerde Netanýahunyň Siriýada öz harby-deňiz bazasyna golaý ýerleşýän harby bazada Orsýetiň öz harbylarynyň sanyny artdyrmagyna Ysraýylyň aladalanmasyny mälim etjegine garaşylýar.

“The Jerusalem Post” neşri Ysraýylyň goşun ýolbaşçysy Gadi Eisenkotyň we aňtaw gullugynyň ýolbaşçysy Herzl Halewiniň Netanýahu bilen bilelikde Moskwa barjakdygyny habar berdi. Neşir harby ýolbaşçylaryň Netanýahu bilen bilelikde syýahat etmeginiň seýrek wakadygyny belledi.

XS
SM
MD
LG