Sepleriň elýeterliligi

Azerbaýjan: Taksi sürüjisi özüni otlady


Azerbaýjanyň günbataryndaky Sumgaýit şäherinde taksi sürüjisi ýerli ýol polisiýasynyň “eden-etdiligine” protest bildirip, özüni otlady.

Bu 2014-nji ýylyň başyndan bäri Azerbaýjanda adamlaryň özlerini oda bermegi bilen bagly azyndan ýedinji hadysadyr.

Sumgaýitiň şäher prokuraturasy we polisiýa departamenti bilelikde ýaýradan beýannamasynda 27 ýaşly Maksat Suleýmanowyň 20-nji sentýabrda Bakunyň keselhanasyna gyssagly eltilendigini, emma onuň birnäçe sagatda soň ýogalandygyny habar berdiler.

Beýannamada adamyň öz janyna kast etmeginiň sebäpleriniň näbellidigi aýdyldy.

Emma şaýatlaryň sosial media arkaly habar bermeklerinde görä, Suleýmanow üstüne ýangyç sepip, ýol gözegçilik polisiýasynyň eden-etdiligine protest bildirýändigini aýdypdyr.

Azerbaýjanda adamlaryň öz özlerini oda bermekleri bilen bagly hereketleri 2013-nji ýylyň dekabrynda Daglyk Garabag urşunyň weterany garyplyga protest bildirip özüni otlansoň köpelipdi.

XS
SM
MD
LG