Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rohani: Köpçülik ýadro ylalaşygyny godaýar


Eýranyň prezidenti Hassan Rohani
Eýranyň prezidenti Hassan Rohani

Eýranyň prezidenti Hassan Rohani eýranlylaryň köpüsiniň Tähranyň halkara sanksiýalarynyň ýatyrylmagyna derek ýadro programmasyny çäklendirmegi boýunça halkara ylalaşygyny goldaýandyklaryny habar berdi.

ABŞ-nyň “60 minut” atly telewizion programmasy bilen söhbetdeşliginde Rohani eýranlylaryň henizem ABŞ ynamsyz garaýandygyny, emma ylalaşygyň gatnaşyklary gowulandyrmalydygyny belledi.

“Aranyň uzaklygy, ylalaşyksyzlyk, ynamyň ýetmezçiligi tiz aradan aýrylmaz”, diýip Rohani belledi we “men bu duşmançylygy azaltmak ugrunda biziň ilkinji ädim ädendigimize ynanýaryn” diýdi.

Şeýle-de Rohani Tähranyň ABŞ bilen “tussaglary çalyşmak” meselesine gyzyklanma bildirip biljekdigini belledi. Eýran uzak wagt bäri birnäçe amerikan raýatyny, şol sanda “Waşington Post” gazetiniň habarçysy Jason Rezaiany tussaglykda saklaýar.

XS
SM
MD
LG