Sepleriň elýeterliligi

Moldowada awto ulagly protest geçirildi


Awtoulagly protest ýörişi, Kişinýow

Moldowada korrupsiýa garşy çykyş edýän protestçiler, paýtagt Kişinýowda adatdaky köpçülikleýin demonstrasiýany geçirmegiň ýerine ýurduň welaýatlarynda awtoulagly ýöriş geçirdiler.

20-nji sentýabrda birnäçe ýüz awtoulagyň gatnaşmagynda geçirilen bu ýörişiň guramaçylary öz protesti barada ýurduň şäherlerine we obalaryna habar bermek islediler.

Moldowada köpçülikleýin protestler 6-njy sentýabrda başlanypdy. Şonda müňlerçe adam Kişinýowyň köçelerine çykyp, Günbatara tarapdar koalisiýanyň korrupsiýa garşy göreşmek we hakyky reformalary geçirmek ugrundaky şowsuzlyklaryny ýazgardylar.

XS
SM
MD
LG