Sepleriň elýeterliligi

Orsýet oppozisiýasy ýöriş geçirdi


Oppozision ýöriş, Moskwa, 20-nji sentýabr, 2015.

Oppozision ýöriş, Moskwa, 20-nji sentýabr, 2015.

Orsýetiň oppozision aktiwistleri ýaňy-ýakynda geçirilen regional saýlawlar bilen baglylykda 20-nji sentýabrda Moskwada ýöriş geçirdiler. Häkimiýet başyndaky partiýanyň köpçülikleýin ýeňiş gazanmagy bilen tamamlanan saýlawlarda köp sanly bidüzgünçiligiň bolandygy aýdyldy.

"Häkimiýet çalyşygy ugrunda" atly bu protest aksiýasy şäheriň merkezinden daşdaky gündogar böleginde geçirildi.

Gatnaşanlar Orsýetiň baýdaklaryny we Parnas koalision toparynyň baýdaklaryny göterip çykdylar, käbirler fewral aýynda Kremliň golaýynda atylyp öldürilen oppozisiýa lideri Boris Nemsowyň ady ýazylan plakatlary göterdiler.

Kreml tarapyndan goldaýan “Ýedinaýa Rossiýa” partiýasy 13-nji sentýabrda geçirilen ýurduň gubernatorlaryny, regional we ýerli parlamentleriniň agzalaryny saýalamak boýunça ses berişlikde sesleriň aglaba bölegini toplady.

XS
SM
MD
LG