Sepleriň elýeterliligi

Dünýä türkmenlerinde Gurban baýramy


Aşgabatda Gurban baýramy mynasybetli geçirilen çäreleriň birinde gelinler hamyr ýaýýar.

Aşgabatda Gurban baýramy mynasybetli geçirilen çäreleriň birinde gelinler hamyr ýaýýar.

Gurban baýramy türkmenleriň arasynda hem gadymdan bäri bellenip gelýän we özboluşly edim-gylymlary, adatlary hem däpleri bolan esasy baýramçylyklaryň biridir.

Eýse, dünýäniň dürli ýerine ýaýran türkmenleriň bu gadymy Gurban baýramy adatynda goňşy halklaryň täsirinde we şonuň ýaly-da üýtgeýän döwür şertlerinde nähili özboluşlyklar, tapawutlyklar hem özgerişlikler bolup geçdi we geçýär?

Dünýäniň dürli ýerine ýaýran türkmenler Gurban baýramyny nähili belleýär? Dünýä türkmenleriniň jemgyýetçilik durmuşynda Gurban baýramynyň nähili roly bar?

Azatlyk Radiosy "Dünýä türkmenleri" gepleşiginiň nobatdaky sanynda dünýä türkmenleriniň Gurban baýramy adatlary, baýramçylyk edim-gylymlary we olaryň döwrüň şertlerine görä özgerişi hakda söz açýar.

Azatlyk Radiosy, hemmeleri öz Gurbanlyk adatlaryny, edim-gylymlaryny we aýratynlyklaryny dünýä türkmenlerine gürrüň bermäge çagyrýar. Gepleşige gatnaşmak isleýänler hat@azatradio.org we metbugat@gmail.com elektronik poçta salgylary arkaly aragatnaşyga geçip bilerler. Öz pikirdir-garaýyşlaryny beýan etmek isleýänler bolsa aşakdaky foruma teswir ýazyp bilerler.

XS
SM
MD
LG