Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Bagdat: Partlamada 17 adam öldi


Yragyň paýtagtynyň özünde we daşynda bolan dört sany bomba partlamasynda azyndan 17 adam wepat boldy. 21-nji sentýabrda awtoulaglaryň içinde goýlan bombalaryň partladylmagynyň jogapkärçiligini “Yslam döwleti” toparynyň söweşijileri öz üstüne aldylar.

Sünni gozgalaňçy topar Bagdadyň gündogaryndaky Ameen etrabynda şaýylaryň ýaragly toparyny nyşana alandygyny atdy. Bu partlamada 12 adamyň wepat bolandygyny we 42 adamyň ýaralanandygyny resmiler habar berdiler.

Şol bir wagtyň özünde-de şaýylaryň ýaşaýan Şaab etrapçasynda bolan partlamada iki parahat ýaşaýjy wepat boldy, ýedisi ýaralandy.

XS
SM
MD
LG