Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rohani: Eýran 'YD' garşy göreşe taýýar


Eýranyň prezidenti Hassan Rohaniniň ýyllyk harby paradyň dowamynda eden çykyşy, Tähran, 22-nji sentýabr, 2015
Eýranyň prezidenti Hassan Rohaniniň ýyllyk harby paradyň dowamynda eden çykyşy, Tähran, 22-nji sentýabr, 2015

Eýranyň prezidenti Hassan Rohani öz ýurdunyň harbylarynyň “regionda terrorçylara” garşy durmak üçin iň ukyply güýçdigini aýtdy.

Rohani Eýranyň goşunynyň Yraga we Siriýa “Yslam döwleti” toparyna garşy göreşmekde kömek bermek isleýändigini aýtdy, şol bir wagtda-da Tähranyň beýleki ýurtlara garşy harby niýetleriniň ýokdygyny belledi.

Rohaniniň 22-nji sentýabrda eden bu ýyllyk çykyşy döwlet telewideniýesinde göni efirde görkezildi.

Rohani “eger terrorçylar regionda ýaýbaňlanmagyny dowam etdirseler Eýranyň goşuny we Rewolýusion gwardiýasy ýeke-täk umyt bolar”, diýdi.
Eýranyň prezidenti Ýakyn Gündogar ýurtlary “özüni goramakda Günbatar güýçlerine” aşa köp bil baglamaly däl diýdi.

Eýran Yraga we Siriýa “YD” toparyna garşy göreşde ýardam hökmünde harby geňeşçilerini iberdi.

XS
SM
MD
LG