Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet sudy Sawçenkonyň işini diňleýär


Ukrainaly pilot Nadežda Sawçenko, sud diňlenişiginde, Rostow-na-Donu, 21-nji awgust, 2015.
Ukrainaly pilot Nadežda Sawçenko, sud diňlenişiginde, Rostow-na-Donu, 21-nji awgust, 2015.

22-nji sentýabrda Orsýetiň sudy ukrainaly pilot Nadežda Sawçenkonyň işini diňläp başlady.

Sawçenko 2014-nji ýylda gündogar Ukrainada iki orsýetli žurnalistiň ölümine gatnaşykda aýyplanyp sud edilýär. Sawçenko aýyplamalary ret edýär. Ol tussaglygyna protest bildirip 80 günläp açlyk çekdi.

Adam hukuklaryny goraýjy toparlar we Günbatar hökümetleri Sawçenkony boşatmak barada Kiýewiň eden çagyryşlaryna goşuldylar.

Sud Sawçenko iki orsýet žurnalistiniň ölümi we Orsýetiň serhedinden bikanun geçmeklik bilen bagly aýyplamalar esasynda günäli, diýip karar çykarsa oňa 25 ýyl türme tussaglygy garaşýar.

34 ýaşly Nadežda Sawçenko 2014-nji ýylyň iýun aýynda söweşiň dowamynda özüniň ýesir düşendigini we Orsýete gizlin äkidilendigini aýdýar.

XS
SM
MD
LG