Sepleriň elýeterliligi

“Maşgalamy gaýdyp beriň!”


Mike Petro we maşgalasy.

Mike Petro we maşgalasy.

“Meniň maşgalamy gaýdyp beriň!” bu şygar bilen ABŞ-nyň raýaty eýýäm iki aýdan bäri Türkmenistanda gabawa salnan maşgala agzalaryny çykarmak ugrunda tagalla edip gelýär.

Mike Petronyň aýaly Aziza we iki çagasy şu ýylyň iýunynda öz ejesiniň mazaryna zyýarat etmek we çagalaryny öz dogany bilen tanyşdyrmak üçin dogduk ýurdy –Türkmenistana gideli bäri, ýurtdan çykarylman saklanylýar.

Mike Petro 2005-nji ýyldan bäri ABŞ-nyň doly raýaty bolan aýalynyň Türkmenistana sapar etmezinden ozal degişli türkmen resmileri bilen habarlaşyp, ähli zady jikme-jik ylalaşandyklaryny aýdýar: “Biz Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçihanasy bilen habarlaşyp, Azizanyň we çagalarymyň Türkmenistana nähili ýagdaýda sapar edip biljekdigi bilen gyzyklandyk. Çagalaryma türkmen wizasy berildi. Türkmenistanyň raýatlyk pasporty bolan aýalyma bolsa türkmen raýatlygyndan çykmak isleýändigi barada alty aý öňünden arza bilen ýüz tutmalydygy, ýurda barandan soň hem onuň türkmen pasportynyň alnyp, soňra ABŞ-nyň pasporty bilen çykmagyna rugsat beriljekdigi aýdyldy. Biz şu ýylyň 28-nji ýanwarynda Türkmenistanyň ilçihanasyna degişli arza bilen ýüz tutduk”.

Emma Petro Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşliginde ýagdaýlaryň iş ýüzünde türkmen resmileriniň beren sözüne görä däl-de, başga ugur boýunça ösendigini aýdýar: “Bu beýle bolmady. Haçan-da ol Türkmenistana baryp düşende, oňa prezidentiň hut özi raýatlykdan çykmak arzasyna gol goýýança, ýurtdan goýberilmejekdigi aýdyldy”.

Mike Petro mundan soň aýalyny gaýdyp almak üçin tagalla edip başlandygyny aýdýar: “Men ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy bilen dowamly habarlaşdym. Ol ýerdäki resmiler meniň meselämi Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde gozgandyklaryny aýtsalar-da, gynansak-da, belli bir pursatdan soň olar ellerindäki ähli mümkinçilikleri ulanandyklaryny, mundan beýläk maňa hemaýat edip bilmejekdiklerini aýtdylar. Ilçihananyň resmileri aýalyma Türkmenistanyň Migrasiýa gullugyna ýüz tutmagy maslahat berdiler. Migrasiýanyň işgärleri-de bu ugurdaky degişli görkezmäniň ýurduň Daşary işler ministrliginden gelmelidigini, ABŞ-nyň ilçihanasynyň olara basyş etmelidiklerini aýtdylar”.

Petro öz meselesi bilen Türkmenistanyň Waşingtondaky ilçihanasy bilen hem yzygiderli habarlaşandygyny, emma olaryň berýän wadalarynyň hem hiç biriniň häzire çenli durmuşa geçmändigini Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi: “[Türkmen] ilçihanasynyň resmileri tutuş awgust aýy prezidentiň degişli resminama şu awgustda gol goýjakdygyny aýdyp geldiler. Häzir wagt sentýabryň 20-den hem geçdi. Bu ugurda edilen hiç zat bolmady”.

Mike Petro häzir Türkmenistanda gabalyp goýlan maşgalasynyň juda howatyrly ýagdaýlary başdan geçirýändigini aýdyp, Azatlyk Radiosynyň üsti bilen türkmen resmilerine ýüzlendi: “Meniň aýalymyň yzyna, adamsynyň ýanyna gaýtmagyna rugsat beriň. Tutuş bir maşgala aýraçylyga uçrady ahyryn. Ol erbet adam däl-ä. Biz degişli türkmen resmileri bilen maslahatlaşyp, ylalaşanymyzdan soň Türkmenistana sapar etdig-ä. Gaýrat ediň, munyňyz karam oýun bolýar, adalatsyz bolýar”.

Azatlyk Radiosynyň Mike Petronyň we maşgalasy Azizanyň düşen güni bilen baglylykda degişli türkmen resmileri bilen habarlaşmak synanyşyklary netije bermedi.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG