Sepleriň elýeterliligi

Owgan çagalarynyň zorlanmagy tankyt edildi


ABŞ-nyň harby ofiserleriniň Owganystanyň goranmak güýçleriniň owgan oglanlaryny zorlamagynyň öňüni almaga synanyşandyklary üçin jogapkärçilige çekilmegi baradaky habarlar 21-nji sentýabrda tankytlary tutaşdyrdy emma Ak Tam we Pentagon tarapyndan hereket döretmedi.

Ak Tam “New York Times” neşriniň maglumaty bilen baglylykda “çuňňur aladalanma” bildirdi. Maglumatda ABŞ-nyň iki harby ofiseriniň ýaş owgan oglanynyň seksual zorluga sezewar edilmeginiň öňüni almaga synanyşmagy sebäpli jogapkärçilige çekilendigi habar berildi. Maglumata görä, ýörite güýçleriň öňki kapitany Dam Kuinn ýaş oglany zynjyrlap özüne gul edip saklan owgan harby ýolbaşçysyny urupdyr we şu sebäpli wezipesinden boşadylyp, Owganystandan çykarylypdyr.

“Seksual ekspluatasiýasynyň şeýle görnüşi owgan kanunlaryny we Owganystanyň halkara borçnamalaryny bozýar” diýip Ak Tamyň metbugat-wekili Joş Ernest belledi. Emma Ak Tam we Pentagon Owganystanyň goşunynyň syýasatyna goşulyşmagy aňladyp biljek hereketlerden boýun gaçyrdylar we şeýle wakalar babatynda Owganystanyň hökümetiniň çäre görmelidigini aýtdylar.

XS
SM
MD
LG