Sepleriň elýeterliligi

Jowzjanda 10 owgan esgeri öldürildi


Owgan resmileri ýurduň demirgazygynda “içerki hüjüm” diýlip atlandyrylan hadysada azyndan 10 owgan harbysynyň öldürilendigini aýtdylar.

Jawzjan welaýatynyň ýerli resmileri hüjümiň 22-nji sentýabrda bir esgeriň barlag-geçiş nokadyna hüjümçileri salmagynyň netijesinde amala aşyrylandygyny habar berdiler.

Resmiler ok atyşykda esgerleriň we sany takyklaşdyrylmadyk hüjümçileriň öldürilendigini aýtdylar.

Hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne alan bolmady.

Türkmenistan bilen serhetdeş Jawzjan welaýatynda “Talybanyň” söweşijileriniň hüjümleri azalan hem bolsa, soňky zorlugyň bolan ýeri Kuş Depe ýaly etraplaryň ençemesinde “Talybanyň” täsiri saklanýar.

XS
SM
MD
LG