Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Berliniň polisiýasy metjide reýd geçirdi


Germaniýanyň ýöriteleşdirilen polisiýasy metjide degişli binanyň öňünde, Berlin, 22-nji sentýabr, 2015.

Germaniýanyň ýöriteleşdirilen polisiýasy metjide degişli binanyň öňünde, Berlin, 22-nji sentýabr, 2015.

Berliniň polisiýasy terrorçy hereketlere gatnaşýan yslamçy ekstremistler bolmakda güman edilýän topar boýunça birnäçe aýlap dowam eden derňewlerden soň sekiz sany bina reýd geçirendiklerini habar berdiler.

Polisiýanyň 22-nji sentýabrda aýtmagyna görä, irden geçirilen barlaglar metjidiň binasyny hem öz içine alypdyr.

Polisiýa esasy şübhelenýänleriň Siriýa gidip “jyhadçy söweşiji toparyň” düzüminde prezident Başar al-Assadyň režimine garşy söweşe ündemekde aýyplanýan 51 ýaşly morokkoly we söweşlere gatnaşmakda güman edilýän 19 ýaşly makedoniýaly adamlardygyny aýtdylar.

Polisiýa güman edilýänleriň Germaniýada hüjümleri planlaşdyrandygy barada hiç hili subutnamanyň ýokdugyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG