Sepleriň elýeterliligi

“Ýitirim edilenleriň sanawy artdy"


"Olary diri görkeziň" kampaniýasy.

"Olary diri görkeziň" kampaniýasy.

ÝHHG-nyň Adam ölçegleriniň berjaý edilişi boýunça Warşawada geçirilýän konferensiýasy 22-nji sentýabrda öz ikinji iş gününi dowam etdirýär.

Azatlyk Radiosy bu konferensiýanyň çäginde Türkmenistanda ýitirim edilen tussaglaryň ýagdaýy barada çykyş etjek “Crude accountability” guramasynyň ýerine ýetiriji ýolbaşçysy Kate Waters bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Keýt, tanymal türkmen atşynasy Geldi Kärizowyň maşgala agzalary Türkmenistandan ýurduň daşyna goýberildi. Siz olaryň ýurduň daşyna çykarylmagy üçin örän köp tagalla etdiňiz. Siz olaryň ýurtdan goýberilmegine nähili garaýaňyz?

Kate Waters: Bu türkmen häkimiýetleri tarapyndan edilen örän möhüm ädim. Olaryň Geldi Kärizowyň gyzyna we aýalynyň uýasynyň garşysyna ozal girizilen ýurtdan çykmarmazlyk baradaky gadaganlygy ýatyryp, olaryň Türkmenistandan çykmagyna rugsat bermegi örän gowy habar hökmünde garaýaryn. Biz Kärizowyň maşgala agzalarynyň birigendigine örän şat.

Şol bir wagtyň özünde biz Karizowlaryň maşgala agzalarynyň Türkmenistandan ýurduň daşyna çykmagyna rugsat berilmeýän ýeke-täk maşgala däldigini hem bilýäris. Elbetde, Türkmenistanda ýurtdan çykmak gadagançylygy girizilen, ýurtdan goýberilmeýän başga adamlar hem bar. Biz türkmen häkimiýetleriniň Kärizowyň maşgala agzalaryny ýurtdan goýbermegi gowy yşarat bolar diýip umyt edýäris. Ýagny, Türkmenistan ýurtdan çykmak gadagançylygy girizilen, ýurtdan goýberilmeýän beýleki adamlara garşy girizen gadagançylyklaryny hem ýatyrar we olaryň erkin hereket etmegine rugsat berip, olara garşy syýahat etmek gadagançylyklary girizilmegi bes eder diýip umyt edýäris.

Azatlyk Radiosy: Siziň aýdyşyňyz ýaly, bu örän gowy habar. Şol bir wagtyň özünde siziň guramaňyzyň Türkmenistan babatda alyp barýan işleriniň ýene biri hem ýurtda ýitirim edilen tussaglar barada we ol kampaniýaňyz “Olaryň diri görkeziň!” diýlip atlandyrylýar. Edil häzirki wagtda bu kampaniýaňyz haýsy ugurdan barýar?

Kate Waters: Biz “Olary diri görkeziň!” atly kampaniýamyzyň üstünde işlemegi dowam etdirýäris. Biz bu kampaniýamyzyň çäginde Türkmenistanda ýitirim bolan adamlar barada giň gerimli derňewleri geçirýäris. Biz ýitirim bolan öňki 66 adamyň sanawyna ýene-de takmynan 20 adamyň adyny goşduk. Biz täze goşulan adamlaryň sanawyny hem örän ýakyn wagtda çap ederis. Belläp geçmeli zat, bu adamlar örän uzak ýyllardan bäri ýitirim bolup, olaryň aglabasy Türkmenistanyň öňki prezidenti S.Nyýazowyň janyna kast etmek synanyşygy diýilýän waka bilen düýbünden ilteşigi ýok adamlar.

Biz bu tussaglar barada derňewlerimizi we türkmen hökümetinden “Olar dirimi?” diýen ýönekeý soragymyza jogap bermegi talap etmegi dowam etdireris. Şeýle-de türkmen häkimiýetlerine tussaglaryň dogan-garyndaşlarynyň öz hossarlaryna görmegine, olaryň medisina kömegi bilen üpjün edilmegine, dogan-garyndaşlary bilen hat alşygynyň ýola goýulmagyna, halkara gözegçileriniň tussaglary, şol sanda aglaba syýasy tussaglaryň saklanýan “Owadandepe” türmesine baryp görmegine mümkinçilik döretmegine çagyrýarys.

Azatlyk Radiosy: Siz öz kampaniýaňyzyň çäginde Türkmenistanda ýitirim bolan 66 adamyň adyny agzaýarsyňyz hem-de olaryň ählisi syýasy tussaglar däl we olaryň ählisi 2002-nji ýylyň noýabr aýynda öňki prezident Nyýazowyň janyna kast etmäge boldy diýilýän synanyşyk bilen baglanyşykly tussag edilmedi. Siz bu sanawda agzalyp, emma syýasy tussag bolmasa-da, ýitirim edilen käbir adamlar barada maglumat berip bilermisiňiz?

Kate Waters: Men bu adamlaryň ählisini “wyždan ýesirleri” diýip häsiýetlendirerdim. Bu adamlar hökümetiň göwnünden turmaýan adamlar diýip bolar. Şol bir wagtda hökümetiň göwnünden turmaýan adamlaryň dogan-garyndaşlary diýip hem bolar we ol adamlar ýitirim edildi.

Azatlyk Radiosy: Siz eýýäm birnäçe ýyl bäri “Olary diri görkeziň!” atly kampaniýany alyp barýarsyňyz. Bu kampaniýanyň [gözlegini alyp barýan tussaglarynyň] düzüminde 66 adamyň ady bolup, oňa ýene-de 20 adamyň adyny goşmagy planlaşdyrýarsyňyz. Siz şu güne çenli bu sanawdaky adamlaryň haýsy-da bolsa biriniň [ykbaly] barada türkmen häkimiýetlerinden jogap aldyňyzmy?

Kate Waters: Bize [gözleg] kampaniýamyza [girizilen] adamlaryň haýsydyr biri hakda [henize çenli] hiç hili resmi reaksiýa gelip gowuşmady. Biz üç ýyldan bäri bu kampaniýany dowam etdirýäris. Men bir zady takyklaşdyrasym gelýär, biziň sanawymyzdaky adamlaryň sany Türkmenistanda ýitirim edilen adamlaryň ählisini öz içine almaýar, ýurtda başga-da ýitirim edilen adamlar bar. Bular diňe biziň derňewlerimiz esasynda maglumat ýygnanan adamlaryň sanawydyr.

Azatlyk Radiosy: Siz ÝHHG-nyň Adam ölçegleriniň berjaý edilişi boýunça Warşawada geçirilýän konferensiýanyň ikinji gününde, ýagny 22-nji sentýabrda çykyş edersiňiz. Bu konferensiýada nähili meseleleri gozgamagy planlaşdyrýarsyňyz?

Kate Waters: Biz ÝHHG-nyň Adam ölçegleriniň berjaý edilişi boýunça Warşawada geçirilýän konferensiýanyň çäginde “goşmaça maslahaty” geçireris. Bu maslahatyň çäginde Türkmenistanda adamlaryň ýitirim edilmegi, adamlaryň ýurtdan çykmagynyň gadagan edilmegi ýaly meselelere degişli gürrüňi gozgarys.

Şeýle-de gürrüňi ediljek meseleleriň arasynda Türkmenistanda häkimiýetler tarapyndan [adamlaryň] satellit antennalarynyň aýrylmagy we ýurduň içindäki ilatyň garaşsyz goşmaça çeşmelerden maglumat almagynyň çäklendirilmegi bilen baglanyşykly ýurduň izolirlenmegi ýaly temalar barada gürrüň ederis. Bularyň ählisi örän möhüm meseleler bolup, biz bularyň ählisiniň ýurtda adamlaryň ýitirim edilmek meselesi bilen hem ilteşiklidigine ynanýarys.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG