Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bir eýjejik bäbek


Roald Dahl
Roald Dahl

Angliýanyň McDonald’s naharhanalary, 23-nji sentýabrdan başlap, her hoşwagt naharyň gapdalyndan tanymal çagalar ýazyjysy Roald Dahlyň (1916-1990) kitaplaryny sowgat berýär.

Bir zaman meşhur ýazyjynyň ajaýyp kitaplaryny okap ulalan ene-atalar bu kampaniýanyň çäginde, alty hepdeläp, onuň sekiz kitabyndan düzülen eserler peşgeşini öz çagalary bilen paýlaşmaga mümkinçilik alarlar.

McDonald’s 2013-nji ýyldan bäri, “Hoşwagt okyjylar» programmasynyň çäginde, ene-atalary bilen naharhana gelýän çagalara 23 milliona golaý kitaby mugt berdi.

Şol bir wagtda, bu kitap beriş kampaniýasyny, çagalary gyssanmaç bişirilen naharlara gözükdirýänligi üçin, tankyt edýänler-de bar.

Norweg asylly iňlis ýazyjysy Roald Dahlyň eserleri türkmen çagalary üçin o diýen elýeterli däl we şu ýagdaýy nazara alyp, biz onuň bir hekaýasynyň iňlisçeden terjimesini çap edýäris.

Bir eýjejik bäbek

Bu waka 1889-njy ýylda boldy. Awstriýa bilen Germaniýanyň araçäginde ýap-ýaňyja bir aýalyň ogly bolupdy.

Doktor krowadyň gapdalynda ýüzi ak tam bolan bihal gelniň üstüne abanyp durdy. Ol bu gelni şu güne çenli bir gezegem görmändi. Bu gelin bilen onuň adamsy şähere täze gelipdiler. Gelniň adamsy araçäkdäki ýerli gümrük edarasynda işleýärdi. Myhmanhana hojaýynynyň aýalynyň aýtmagyna görä, ol içegenräkdi, dälibaş öküzçe ýaly kakabaşdy, ýöne onuň aýaly salyhatly hem dindar maşgalady. Ýöne ol gaty gamgyndy. Hiç wagt hiç zada ýylgyrmazdy.
Dogtor aşak egildi hem prostyny näsagyň döşüni ýapar ýalyrak edip ýokaryk çekdi. Yzyndanam:

- Seň üçin indi alada galar ýaly zat ýok, keýgim - diýip, edaly pyşyrdady. - Bu bir allanäme posalajyk bäbek. Birjigem kem-kössi ýok.

- Edil şu sözleri maňa öňki çagalarym barada-da aýdypdylar. Ýöne men olaryň hemmesini ýitirdim, doktor. Soňky on sekiz aýda men öz üç çagamy ýitirdim. Hemmejigini aldyrdym. Şoň üçin siz meň biynjalyklygymy geň görmäň.

- Üç? - Doktor geň galmasyny gizläp bilmedi.

- Bu meniň dördünjim... Dört ýylda.

Doktor ýalaňaç pola agram berip duran aýaklaryny kynlyk bilen gezekleşdirdi.

- Arasyna sähel salym salyp, ýeke-ekeden, yzly-yzyna üç çagaňy ýitirmek, hemmejiginden el ýuwmak, men siz bu apatyň nämedigini bilýänsiňiz diýip pikir edemok, doktor. Şindem olaryň hemmejigi meniň göz öňümde dur.

Gustawjygyň ýüzüni men häzir edil şu gapdaljygymda krowatda ýatan ýaly görýän. Gustaw bireýjejik oglanjykdy, doktor. Ýöne ol hemişe nähoşdy. Çagaň näsag bolsa hemem eliňden zat gelmese, mundan elhenç zat bolmajak eken.

- Men muny bilýän.

Gelin gözlerini açdy, doktoryň ýüzüne sanlyja sekuntlyk dikanlap seretdi we ýene ýumdy.

- Meň kiçijik gyzjagazymyň ady Idady. Ojagazym Täze ýyl baýramyndan birnäçe günjük öň ýogaldy. Bu dört aý mundan ozal boldy. Siz Idany bir gören bolsadyňyz, doktor.

- Seň indi täze bäbejigiň bar-a!..

Doktor beýlesine öwrüldi-de, krowatdan çeträge çekilip, äpişgeden daşaryk seretmäge durdy.

- Ida iki ýaşyndady, doktor... Ol şeýle bir görmegeýjedi. Gustawjygym gidipdi, kiçijik Otto-da gidipdi. Ojagaz meniň bar mydarym, dünýede ýeke dikrarym bolup galypdy.

- Köşeşjek bolsana - diýip, doktor krowata tarap öwrülip aýtdy. - Haýyş edýän, biraz ýüregiňi giň tut.

- Onsoň olam öldi... Bu apat gopanda men ýap-ýaňy täzeden hamyla bolupdym, doktor. Ida ýogalanda bujagaz göwrämde dört aýlykdy. Çagam jaýlanandan soň men «Munam islämok indi» - diýip bagyrdym. - Men muny dogurjak däl, ozalam kän çaga jaýladym» diýip bozladym.

- Haýyş edýän, mundan artyk gürlemäň indi.

- Men bir gözi gorkan naçar, doktor.

- Gorkmazlyga çalyş.

- Eýsem bu dördünji näder indi, aman galyp bilermi...

- Sen ilki şeýle pikir etmäňi bes etmeli.

- Şony başaramok men. Meniň pikirimçe, bu ýerde nesil yzarlaýan bir bela bar, meň çagalam şol sebäpli ölýär. Bu hut şeýle bolmaly.

- Samsyk pikir bi.
- Otto doglanda ärimiň maňa näme diýenini bilýäňizmi, doktor? Ol şonda öýe gelip, Ottonyň ýatan sallançagynyň üstüne egildi-de, şeýle diýdi: «Näme üçin meň çagalam beýle kiçijik hem gowşajyk dogýarlarka?»

- Men ol edil beýle diýendir öýdemok.

- Ol şonda kellesini Ottonyň sallançagynyň içine sokara getiripdi. Hamala bir kinniwanja mör-möjejigi görjek bolýan ýalydy. Hemem şeý diýipdi: «Näme üçin olar biraz gowurajyk bolup bilmeýärler diýýän men. Meniň bir diýýänim şu.» Şondan soň bary-ýogy üçje gün geçdi we Otto ýogaldy. Biz ony gyssanyp üç günlükkä çokundyrdyk, olam şol agşam ýogaldy. Ondan soň Gustaw ýogaldy. Ondan soň Ida ýogaldy. Olaryň hemmesi ýogaldy, doktor... Birden bütin öý bop-boş bolup galdy. Tap-takyr..

- Bu barada pikir etme indi.

- Bu-da şolar ýaly kinniwanja.

- Bu gül ýaly çaga. Birkemsiz çaga.

- Ýöne gaty kinniwanja dälmi?

- Elbetde, biraz kiçijik. Ýöne şunuň ýaly kiçijikler köplenç has berk bolup çykýarlar. Gowusy, sen oňa näme at dakjagyňy aýt?

- Adamym ogul bolsa Adolfus diýeris diýipdi.

- Onda munuň ady Adolf boljak-da.

- Men ençeme aýlap her gün buthana gitdim we dyzyma çöküp, şunyma ömür diledim. Ol ýaşamaly. Ol hökman ýaşamaly, hökman... Eý Hudaý, meň çagama rehimli bol indi!..

- Elbetde, ol ýaşar, hanym Hitler, ýaşar ol...

XS
SM
MD
LG