Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ: Terrora garşy sammit geçiriler


ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama tarapyndan şu hepdede BMG-de geçirilýän terrora garşy sammite 100-den gowrak lideriň arasynda Yragyň premýer-ministri Haider al-Abadi hem gatnaşar.

29-njy sentýabrda geçiriljek sammite dünýäniň jemi 104 ýurdunyň liderleri çagyryldylar. Sammitde ABŞ-nyň bir ýyl mundan ozal “Yslam döwleti” toparyna garşy başlan kampaniýasynyň netijelerine syn ediler.

Ýeke-täk ýurt Eýran, goňşy Yragyň harbylary we şaýy söweşijiler üçin geňeşçileri ibermek, ýarag bermek ýaly ýurtda “YD” toparyna garşy söweşde oýnaýan roluna garamazdan, sammite çagyrylmady.

Sammite 30 çemesi regional gurama we 100 çemesi hökümete degişli bolmadyk topar hem gatnaşar.

Obama geçen ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynda eden çykyşynda “YD” ýeňmegi wada beripdi we ýurtlary ABŞ-nyň kampaniýasyna goşulmaga çagyrypdy.

Şondan bäri söweşijiler Siriýanyň we Yragyň territoriýalaryny eýeläpdi we Liwiýada, Ýemende hem Ýakyn Gündogaryň käbirler ýerlerine gadam basypdy.

XS
SM
MD
LG