Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwada täze metjit açylýar


Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan we Palestinanyň lideri Mahmud Abbas Moskwanyň täze baş metjidiniň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Orsýete bardylar.

Metjidiniň açylyş dabarasyna Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin, Çeçenistanyň lideri Ramzan Kadyrow we ABŞ-nyň Orsýetdäki ilçisi Jon Tefft gatnaşýarlar.
Dabarada çykyş edýän Erdoganyň Orsýete saparynyň dowamynda Wladimir Putin bilen duşuşmagyna garaşylýar.

Täze metjit Moskwanyň 1904-nji ýylda gurlan we 2011-nji ýylda ýumrulan taryhy baş metjidiniň ýerinde guruldy. Täze bina 10 müň çemesi adamyň bir wagtda namaza durmagyna mümkinçilik berýär we Orsýetde ululygy boýunça üçünji ýerde durýar. Ýurduň iň uly metjidi Mahaçkalada ýerleşýär, ondan soň iň uly metjitleriň ýene biri Grozny şäherinde ýerleşýän Ahmet Kadyrow adyndaky metjitdir.

Orsýetde yslam dini dinçileriň sany boýunça ikinji ýerde durýar, musulmanlaryň sany 15 we 23 million aralygynda diýilýär.

XS
SM
MD
LG