Sepleriň elýeterliligi

Ksinjiang: Polisiýa wekilleri pyçaklandy


Hytaýyň Ksinjiang regionynda kömür käninde azyndan bäş polisiýa ofiseri separatist bolmakda güman edilýän adamlar tarapyndan pyçaklanyp öldürildi.

Azat Aziýa Radiosynyň 23-nji sentýabrda polisiýa salgylanyp habar bermegine görä, hüjüm 18-nji sentýabrda Aksuda Sogan käninde bolupdyr.

Ýene onlarça adamyň ýaralanandygy habar berildi.

Ýerli hökümetiň beýannamasynda hüjümiň “polisiýa ofiserlerine we käniň eýelerine garşy ýokary taýýarlykly, giň möçberli” hereket bolandygy habar berildi.

XS
SM
MD
LG