Sepleriň elýeterliligi

"Men ony öldürerler öýdüp gorkýardym"


Ýulia Serebrýannik

Ýulia Serebrýannik

Azatlyk radiosy golaýda Türkmenistandan çykan we uzak wagt aýrylykda saklanan maşgalasy Orsýetde bir-birine gowşan türkmen atşynasy Geldi Kärizowyň aýaly Ýulia Serebrýannik bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk radiosy: Ýulia, ozaly öz gyzyňyzyň ahyrynda Aşgabatdan goýberilendigini eşideniňizde başdan geçiren duýgularyňyzy paýlaşsaňyz?

Ýulia: Bu bagt. Eger adam özüniň bagtlydygyny aýdýan bolsa, ahyrynda özüni azat duýýan bolsa, goragly duýýan bolsa, bu, elbetde, uly bagt. Belki-de, adamyň bagty hem şundan ybaratdyr. Ýagny sen bir zady gazanmak üçin ençeme ýyl göreşýärsiň we ahyrynda oňa ýetýärsiň.

Azatlyk radiosy: Maşgalaňyzy Türkmenistandan daşyna çykaranyňyzdan soň siz üçin iň uly rahatlyk nämeden ybarat?

Ýulia: iň esasy zat biziň hemmämiz bile we bir ýerde. Dogrusy, men entek bu barada pikir edip hem ýetişmedim. Häzirlikçe görlen görgüleriň ýatlamalary, häzirki şatlyk duýgulary agdyklyk edýär, sebäbi biz ahyrynda azatlyga çykdyk, ahyrynda hemmämiz birleşdik. Onsoň iň esasy zat saglyk, şu geçilen ýoldan soň adamymyň saglygyny dikeltmegi, kadaly ömür sürmegi gerek.

Azatlyk radiosy: Siziň uýaňyzyň eliniň döwlendigi barada hem habar çykypdy, ol häzir nähili?

Ýulia: Häzir onuň eliniň gipsini aýyrdylar, emma eli beýle bir diýen etmeýär, häzir bize öz saglygymyza seretmek gerek. Munuň üstesine, häzir menem näsagladym.

Azatlyk radiosy: Eger biraz yza gaýtsak, siziň adamyňyz tussagka, siz Aşgabatdakaňyz, siziň iş ýagdaýyňyz nähili boldy? Bize Türkmenistandaky başga adamlaryň tejribelerinden belli bolşuna görä, bir adam türmä basylsa, bu ýagdaý onuň bütin maşgalasyna täsir edýär. Ýagny olar işe girip bilmeýär, öz işini ýöredip bilmeýär. Adamyňyz türmedekä siziň maşgala agzalaryňyza işlemäge rugsat berildimi?

Ýulia: Haçanda adamymy tussag edenlerinde, onuň emlägini konfiskasiýa etdiler. Men onuň hiç zat ogurlamandygyny subut etdim. Onsoň bize atlarymyzy gaýtaryp berdiler. Onsoň onuň türmede oturan ýyllary biz arassa ganly ahal-teke atlarynyň baş sanyny gorap saklamak bilen meşgullandyk. Haçanda ol 2007-nji ýylda azatlyga çykanda, biz ýene atlary saklamaga, olary köpeltmäge çalyşdyk. Sebäbi bu meniň adamymyň ömür beren işidi, onsoň biz ol işi nähili ýagdaýda bolan bolsa, şol derejede hem saklajak bolduk.

...meniň bar aladam onuň janynyň sag bolmagydy we ol ýerden sag-aman çykmagydy. Sebäbi ol sistema şahsyýetleri öldürmek sistemasy, özem ol diňe türmä basylany öldürmeýär, onuň tutuş maşgalasyny, töwerek-daşyndakylary öldürýär.

Emma bizi işletmediler. Sebäbi 2010-njy ýylda meniň garşyma jenaýat işini gozgadylar we bizi atlarymyzyň ählisini tabşyrmaga mejbur etdiler. Umuman aýdylanda, at saklamak, atlara esewan etmek örän uly iş. Biz, ýagny men, meniň uly we kiçi aýal doganlarym, meniň elimde galan ýaş çagalar we meniň ejem, 100 sany ahal-teke atyna esewan etdik. Özem hemişe seýsimiz hem bolmady.

Muny göz öňüne getirmegem kyn, atlary günde üç wagtyna suwa ýakmaly. Höwre goýulýan atlara bolsa, tomsuna günde üç-dört bedre suw bermeli. Her bedre bolsa, 20 kilogramdan, günde üç wagtyna. Biziň başga işimiz ýokdy, biz atlaryň baş sanyny gorap saklajak bolýardyk. Eger mekdepden oglanjyklar atlary iýmleşmäge gelmese, ýa-da meýletin kömek edýän adamlar bolmasa, olar bolsa bir gün bolsa, başga gün ýok, hemme zat biziň, aýal maşgalalaryň boýnundady. Ýogsa, mundan ozal biziň atlar bilen hiç bir işimiz bolmandy.

Azatlyk radiosy: Geldi Kärizowyň türmede oturan wagtyna dolansak, siziň şol wagt onuň aýaly, çagalarynyň enesi, maşgalanyň ekleýjisi hökmünde ýüzbe-ýüz bolan iň uly problemaňyz nämedi?

Ýulia: Iň esasy zat onuň şol türmede sag-man, diri galmagydy. Sebäbi iň uly problema onuň özüdi. Men hemişe ony öldürerler öýdüp gorkýardym, meni başga zat tolgundyrmaýardy. Ýagny meniň bar aladam onuň janynyň sag bolmagydy we ol ýerden sag-aman çykmagydy. Sebäbi ol sistema şahsyýetleri öldürmek sistemasy, özem ol diňe türmä basylany öldürmeýär, onuň tutuş maşgalasyny, töwerek-daşyndakylary öldürýär.

Onsoň türmede diňe ol oturan däl-de, biz hem onuň bilen bile oturan ýaly bolup çykýarys. Bu diňe meniň maşgalama degişli däl. Bu ol ýerde ärleri türmä basylan ähli aýallara, enelere degişli, olar öz türmä basylan ýanýoldaşlaryna berlen ýyly soňuna çenli bile çekýärler. Ýagny tutuş maşgala jezalandyrylýar.

Azatlyk radiosy: Siz haçanda bolsa bir wagt türkmen häkimiýetleriniň öz maşgalaňyza eden zatlaryny bagyşlap bilermisiňiz?

Ýulia: Goý olary hudaý bagyşlasyn. Hudaý bar-a, dogry dälmi? Men, mysal üçin, bu hudaýyň elinde diýip hasaplaýaryn.

Azatlyk radiosy: Gören görgüleriňiziň ählisini ýatda saklamak bilen, eger mümkinçilik bolsa, siz türkmen häkimiýetlerine näme diýerdiňiz?

Ýulia: Goý, olar oýlansynlar. Sebäbi her bir adam üçin barybir hasaplaşyk pursaty geler. Eger adam bu durmuşda nädogry iş etse, hudaý barybir jezasyny berer. Goý, olar şundan gorksunlar. Men aslynda adamlara geň galýaryn, ýogsa biziň ýurdumyz musulman ýurdy, adamlar nahar iýip, töwir galdyrýarlar, bäş wagtyna namaz okaýarlar we özlerini musulman hasaplaýarlar. Ýöne sen öz halkyňa şeýle elhençlikleri etseň, hiç wagt bagyşlanmaga mynasyp bolmarsyň.

Men hudaý hemme zady görýär diýip hasaplaýaryn. Her adam öz missiýasy bilen gelýär. Eger oňa häkimiýet berlen bolsa, hatda ol garawulçylyk edýän bolsun, ýa ýöne esgerler, adamlaryň üstünden garalýan dürli derejedäki häkimiýetde bolsun, men hökümet barada-ha zadam diýjek däl, olar öz missiýalary bilen gelendiklerini we ahyrynda hasap bermeli boljagyny bilmeli. Bu ýerde millionlap adamyň ykbaly ýatyr, her türkmen maşgalasynda bu ýagdaýyň jebrini çeken bar.

Men, elbetde, kazylyk edip biljek däl, kim mamla, kim bimamla? Emma men öz maşgalama jogap berýärin, Geldi bize şeýle jebir çekdiriler ýaly hiç bir zat etmedi.

Iňlisçeden we rusçadan terjime eden Ýowşan Annagurban.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG