Sepleriň elýeterliligi

'YD'-nyň jynsy gulçulyk dellaly öldürildi


Koalision güýçler Yrakda howadan eden hüjüminiň netijesinde “Yslam döwleti” toparynyň baş liderleriniň birini öldürdi, diýip Pentagon 22-nji sentýabrda aýtdy.

ABŞ-nyň goranmak resmisiniň “Frans Press” (AFP) agentligine aýtmagyna görä, Yragyň demirgazygynda Tal Afarda 10-njy sentýabrda amala aşyrylan hüjümde öldürilen Abu Bakr al-Turkmani “gulçulyk dellaly” bolup, Ýazidi dini azlygynyň aýallaryny seksual gulçulyga satylmagyna gatnaşypdyr.

Pentagonyň metbugat-sekretary Peter Kook Turkmaniniň “YD” toparynyň Yrakdaky liderleriniň “administratiw emiri” we “ýakyn ýarany” bolandygyny aýtdy.

2014-nji ýylda “YD” topary ýezitleri gyrgyna berip, müňlerçe aýal-gyzy ýesir alyp, seksual gulçulyga sezewar edipdi. Onlarça müň adam öýlerini terk etmäge mejbur bolupdy.

XS
SM
MD
LG