Sepleriň elýeterliligi

ÝB migrant kwotalaryny ylalaşdy


Gresiýanyň we Makedoniýanyň arasyndaky serhetde migrantlar registrasiýa garaşýarlar, 22-nji sentýabr, 2015.

Gresiýanyň we Makedoniýanyň arasyndaky serhetde migrantlar registrasiýa garaşýarlar, 22-nji sentýabr, 2015.

Ýewropa Bileleşiginiň içeri işler ministrleri indiki iki ýylyň dowamynda 120 müň migranty bileleşigiň çäginde ýerleşdirmek planyny 22-nji sentýabrda makulladylar.

Emma ÝB-niň düzümindäki gapma-garşylyklar sebäpli, adatça ylalaşylyp gelinýän karar üçin ses berişlik geçirilmeli boldy.

Çehiýa Respublikasy, Wengriýa, Rumyniýa we Slowakiýa kwotalaryň kesgitlenmegine garşy ses berdiler. Finlýandiýa saklandy.

Ýewropa Ikinji Jahan Urşundan soňky döwürde migrantlaryň iň uly akymy bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Şu ýylyň başyndan bäri Ýewropa Bileleşiginiň agza ýurtlaryna 500 müňden gowrak migrantyň barandygy, olaryň ençemesiniň Siriýadaky, Yrakdaky we Owganystandaky uruşlardan gaçyp çykandygy aýdylýar.

XS
SM
MD
LG