Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Ýewropa Bileleşiginiň liderleri 24-nji sentýabrda Türkiýedäki, Iordaniýadaky we Liwandaky siriýaly bosgunlara goldaw üçin 1 milliard ýewro ibermek barada ylalaşyga geldiler.

Şeýle-de liderler Gresiýa, Italiýa ýaly döwletleriň serhet liniýalarynda noýabryň aýagyna çenli «gyzgyn nokat» merkezlerini gurmak ylalaşygyna geldiler.

Ýewropa Geňeşiniň prezidenti Donald Tusk ýedi sagatlap ýolbaşçylyk eden sammitinden soň, bileleşigiň ekspertleriniň bu merkezlerde gaçybatalga berilmeli adamlary derhal kesgitläp, hasaba alyp biljegini aýtdy.

Şeýle-de bu merkezlerde ykdysady sebäpler esasynda ýurdundan çykan adamlar bilen uruş, yzarlanma sebäpli gaçan adamlar aýyl-saýyl ediler.

XS
SM
MD
LG