Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yrakda mergi möwjeýär


«Yslam döwleti» toparynyň basyp alan ýerlerini yzyna almaga dyrjaşýan Yrak täze bir duşman, mergi epidemiýasy bilen hem göreşmeli boldy.

Ilkinji gezek geçen hepde, Bagdadyň 25 kilometr çemesi günbataryndaky Abu Garyb şäherinde «üsti açylan» kesel bilen kesellänleriň sany çalt köpelip, Yragyň saglyk ministrliginiň 23-nji sentýabrdaky maglumatyna görä, 121-e ýetdi.

Abu Garyb şäherinde mergiden azyndan dört adamyň ölendigi we bu keseliň Ýefrat derýasynyň boýy bilen günorta welaýatlara hem çalasyn ýaýraýandygy aýdylýar.

Mergi bilen täze kesellänleriň köpüsi Babel welaýatyndan, Bagdatda bolsa azyndan 54 adam mergi bilen keselledi.

Mergi esasan zäherlenen suw we azyk arkaly ýaýraýar we keselli wagtynda bejerilmese, teşnelik we böwrek näsazlygy esasynda birnäçe sagat içinde heläk bolýar.

Yragyň suw we kanalizasiýa sistemasy könelen we uruş we geleňsizlik bu ugurdaky işleri ýyllarboýy bökdäp gelýär.

Geçen aý bu ýagdaýlar köpçülikleýin protestlere sebäp boldy. Premýer-ministr Haýdar al-Abadi täze dörän ýagdaý bilen bagly gyssagly çäreleriň görülmegini buýurdy.

XS
SM
MD
LG