Sepleriň elýeterliligi

Çeçen, täjik, özbek topary täze kasam içýär


1500 çemesi adamdan ybarat çeçen, täjik, özbek söweşijileri «Al-Kaýdanyň» Siriýadaky «Nusra front» bölümine wepalylyk kasamyny içdi diýip, urşa gözegçilik edýän topar 23-nji sentýabrda aýtdy.

Siriýanyň Adam hukuklary obserwatoriýasy «Muhajirin» brigadasynyň kasamynyň internet arkaly ýaýradylandygyny aýtdy.

Bu kasam «Nusra frontuň» Yrakda we Siriýada uly territoriýany basyp alan «Yslam döwletiniň» garşysyndaky kuwwatyny artdyrýar.

«Nusra front» bilen «Yslam döwleti» Siriýanyň raýat urşunda siriýa goşunlaryna garşy söweşýän iň güýçli toparlardyr.

XS
SM
MD
LG