Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gani çaga zorlugyna garşy çäre görýär


Owganystanyň prezident diwany prezident Aşraf Ganiniň ýurtda çagalaryň jynsy zorluga uçramazlygy üçin «çynlakaý çäreleri» görýändigini aýdýar.

Aýdylmagyna görä, Gani 23-nji sentýabrda wideoşekilli konferensiýa geçirip, ýurduň «ähli howpsuzlyk häkimiýetlerine» çaga zorlamagyň Owganystanda iň elhenç jenaýatlaryň we hukuk bozulmalarynyň biri hasap edilýändigini aýdypdyr.

Şeýle-de Gani owgan goranmak we howpsuzlyk resmileriniň ählisine çagalary zorlamak bilen bagly hereketleriň ählisiniň öňüni almak boýunça berk görkezme beripdir.

XS
SM
MD
LG