Sepleriň elýeterliligi

Ýemen metjidinde 25 adam öldürildi


Ýemeniň paýtagty Sanaada Gurban baýramyna gabat, janyndan geçen bombaçylaryň şaýy musulmanlaryny nyşana alan kast ediş hüjümlerinde 25 adam öldi, onlarça adam bolsa ýaralandy.

Şaýatlar ilkinji partlamanyň Balili metjidiniň içinde, ikinji partlamanyň bolsa metjidiň girelgesine golaý, dindarlar daşaryk ylganda bolandygyny aýtdylar.

Bu metjit häzir Sanaa kontrolluk edýän huti pitneçileri tarapyndan ulanylýar.

XS
SM
MD
LG