Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Haj zyýaratynda 717 adam öldi


Haj zyýaratynda ýüzlerçe adam öldi
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:04 0:00

Haj zyýaratynda ýüzlerçe adam öldi

Saud Arabystanynyň resmileri haj zyýaraty mahalynda mukaddes Mina şäherçesinde bolan basa-baslykda azyndan 717 adamyň ölendigini we başga-da ýüzlerçesiniň ýaralanandygyny aýdýarlar.

Resmiler Twitter sosial ulgamynda Mekgäniň birnäçe kilometr uzagyndaky basa-baslyk bolan ýerinde halas ediş çäreleriniň görülýändigini aýtdylar.

Basa-baslyk haj zyýaratynyň soňky uly adatynyň ýerine ýetirilýän mahaly boldy. Bu ýerde ýüzlerçe müň adam şeýtany daşlamak dessuryna gatnaşýardy.

Bu basa-baslyga nämäniň sebäp bolandygy barada henize çenli takyk maglumat berilmeýär. Emma şeýtan daşlamak dessury haj zyýaraty mahalyndaky iň howply çäre hasaplanýar. Sebäbi bu ýerde ýüzlerçe müň adam bir wagtda we bir ýerde şeýtan daşlamak dessuryna gatnaşýar.

Betbagtçylygyň bolan ýeri

“Reuters” habar gullugy depeşegiň lagerleriň gurnalan şäheri - Minadaky 204-nji köçede bolandygyny habar berdi. 204-nji köçe 160 müň çemesi çadyrly lagerden şeýtan daşlamak dessurynyň geçirilýän ýeri “Jamarat” atly desga tarap gidýän esasy iki köçäniň biridir.

Saud Arabystanynyň Mina şäherçesindäki basa-baslykda ölen haç zyýaratçylarynyň jesedi. 24-nji sentýabr, 2015 ý.
Saud Arabystanynyň Mina şäherçesindäki basa-baslykda ölen haç zyýaratçylarynyň jesedi. 24-nji sentýabr, 2015 ý.

Bu betbagtçylyk dünýäniň 1,5 milliard çemesi musulman ilaty Gurban baýramyny belleýän güni boldy. Yslam kalendaryndaky iň möhüm gün diýlip hasaplanýan bu günde musulmanlar, däbe görä Hudaýyň ýoluna goýun gurbanlyk berýärler.

Haj zyýaraty dünýäde adamlaryň iň uly ýyllyk üýşmeleňidir. Mundan ozal hem haj zyýaraty mahaly ýowuz basa-baslyklar, şol sanda çadyrlaryň ot almagy we goh-galmagal ýaly betbagtçylyklar bolupdy. 2006-njy ýylda Mina şäherçesinde şeýtany daşlamak dessury döwründe 364 haj zyýaratçysy heläk bolupdy.

Wakalaryň sany azaldy

Muňa garamazdan, soňky ýyllarda Saud hökümetiniň infrastrukturany gowulandyrmaga we üýşmeleňe gözegçilik etmäge niýetlenen tehnologiýa güýçli maýa goýmagy netijesinde şuňa meňzeş wakalaryň sany azaldy.

24-nji sentýabrda bolan basa-baslyk Saud Arabystanynda şu aýda bolan ikinji uly betbagtçylykdyr. 11-nji sentýabrda 111 dindar Mekgedäki uly metjitde ýykylan gurluşyk kranynyň pidasy boldy.

22-nji sentýabrda başlanan bäş günlük haj zyýaratyna 164 ýurtdan azyndan 2 million adamyň gatnaşýandygy aýdylýar.

Haj zyýaraty Yslam diniň bäş parzynyň biri bolup, maddy taýdan gurby çatan ähli musulmanlar bu çäräni öz ömrüniň dowamynda bir gezek berjaý etmelidirler.

XS
SM
MD
LG