Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina, Orsýet gaz barada gepleşerler


Orsýet, Ukraina we Ýewropa Bileleşigi Orsýetiň Ukraina gaz akdyrmagyny dikeltmegi barada gepleşiklere başlaýarlar, diýip 24-nji sentýabrda Orsýetiň energiýa ministri aýtdy.

Aleksandr Nowakyň aýtmagyna görä, gepleşikler 25-nji sentýabrda Brusselde başlanýar.

Orsýetiň we Ukrainanyň arasynda gazyň üstündäki dawa Günbatara tarapdar protestçiler geçen ýylda prezident Wiktor Ýanukowiçi häkimiýet başyndan çetleşdireli bäri dowam edip gelýär.

Iýul aýynda Orsýetiň gaz ägirdi Gazprom Moskwanyň we Kiýewiň arasyndaky gepleşikleriň şowsuz bolmagynyň yzýany Ukraina gaz akdyrmagyny bes edipdi.

Soňky hepdelerde konflikti çözmek boýunça täze tagallalar edildi.

Ukraina Ýewropanyň ulanýan gazynyň 15 prosentini akdyrýar we Gazprom gaz akdyrmagyny bes edeli bäri onuň gaz rezerwleri barha azalýar.

11-nji sentýabrda Orsýetiň we Ýewropanyň resmileri gaz dawasynyň soňuna çykmaga taýýarlyk görkezdiler. Ýewropa Bileleşigi Ukraina Orsýetden gaz satyn almak üçin 500 million dollar berdi.

XS
SM
MD
LG