Sepleriň elýeterliligi

Ermenistan üç raýatynyň serhetde atylandygyny aýdýar


Ermenistanyň polisiýasy Azerbaýjanyň güýçleriniň top we tüpeň oklaryndan üç parahat raýatyň wepat bolandygyny aýtdy.

Adamlaryň ölümi we iki adamyň ýaralanmagy bilen bagly wakalar Ermenistanyň serhede golaý Tawuş regionynyň ençeme obasynda ýüze çykypdyr.

Azerbaýjan bu waka barada 25-nji sentýabrda kommentariý bermedi. Emma munuň öňüsyrasynda ýurduň Goranmak ministrligi Azerbaýjanyň regiondaky obalarynyň oka tutulandygy we öz goşunlarynyň muňa jogap berendiklerini aýtdy.

Bu iki öňki sowet respublikasynyň arasynda Azerbaýjanyň esasan ermeni ilatly regionynyň üstünde bolan konfliktden soň, 20 ýyldan gowrak wagt bäri duşmançylyk saklanýar. Region ýerli etnik ermeni güýçleriniň we Armenistanyň harbylarynyň gözegçiliginiň astynda saklanýar.

XS
SM
MD
LG