Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG: Malala bilimiň mugt edilmegine çagyrar


Malala Ýousafzai, Nýu Ýork, 24-nji sentýabr, 2015.
Malala Ýousafzai, Nýu Ýork, 24-nji sentýabr, 2015.

Parahatçylyk ugrundaky Nobel baýragynyň eýesi Malala Ýousafzai 25-nji sentýabrda BMG-niň dünýä liderleriniň sammitiniň açylyş dabarasynda dünýäde çagalar üçin 12 ýyllyk mugt bilimiň bolmagyna çagyryş eder.

Pakistanda gyzlaryň bilim almak hukugyny goramak boýunça iş alyp baran we 2012-nji ýylda Pakistanda “Taliban” tarapyndan oka tutulan Malalanyň çykyşy Papa Fransisiň çykyşynyň yzýany ediler.

“Liderleriň öz çagalary üçin edýän arzuwlaryny dünýäniň beýleki çagalary üçin hem etmeklerine umyt baglaýaryn”, diýip Malala Reuters agentligi bilen söhbetdeşliginde aýtdy.

Malala iýul aýynda özüniň 18-nji ýaş toýuny Liwanda siriýaly bosgun gyzlar üçin mekdebi açmak bilen belledi. Ol bosgun çagalaryň ýagdaýlaryna hem ünsi çekmegi wada berdi.

XS
SM
MD
LG