Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran 131 raýatynyň hajda ölendigini aýtdy


Eýranyň resmileri 24-nji sentýabrda Saud Arabystanynda haj zyýaratynyň dowamynda basa-baslykda wepat bolan 700-den gowrak adamyň arasynda azyndan 131 eýranlynyň bolandygyny aýtdylar. Bu heläkçilik 1990-njy ýyldan bäri ýyllyk musulman dabarasynda ýüze çykan iň pajygaly hadysadyr.

Eýranyň haj boýunça guramasynyň ýolbaşçysy Said Ohadiniň IRNA täzelikler agentligine aýtmagyna görä, ölen eýranlylaryň sanynyň has köp bolmagy ähtimal, şeýle-de 60 adam ýaralanypdyr.

Saud resmileri azyndan 717 adamyň ölendigini we 805 adamdan gowragynyň ýaralanandygyny aýtdylar.

Eýranyň liderleri, şol sanda baş ruhany lideri Aýatollah Ali Hamenei Saud resmilerini köpçülikleýin basa-baslyklaryň adam ölümine getirmegi bilen baglylykda guramaçylygyň kemçilikleri üçin tankyt edip gelýärler.

Hamenei 24-nji sentýabrda eden çykyşynda Saud häkimiýetleriniň bolan heläkçilik üçin öz “agyr jogapkärçiligini” boýun almalydygyny aýtdy.
22-nji sentýabrda Saud Arabystanynda başlanan bäş günlük haj zyýaratyna dünýäniň 164 ýurdundan iki milliona golaý musulman gatnaşýar.

XS
SM
MD
LG