Sepleriň elýeterliligi

"Volkswagen" awtoulaglary derňelýär


"Volkswagen Polo" awtoulagy.

"Volkswagen Polo" awtoulagy.

Germaniýanyň awtomobil öndürýän iň uly firmalarynyň biri bolan "Wolkswageniň", (Volkswagen) ekologiýa hopwsuzlyk kadalaryna eýermändigi sebäpli, ABŞ-da suda berilmegi ahmal.

Şonuň ýaly-da Günorta Koreýa hem ol firmanyň üç awtomobil modeli bilen baglanyşykly alada bildirdi. Segsen ýyllyk taryhynda “Wolkswagen” firmasynyň gymmatly kagyzlarynyň ilkinji gezek gymmaty pese gaçdy.

Birnäçe gün mundan owal ABŞ-nyň daşky gurşawy goramak gullugy (EPA) dizel motorly "Wolkswagen" we "Audi" markaly awtoulaglarynyň çykarýan kömürturşy gazynyň mukdaryny ölçemek üçin bu ulaglar kompýuter barlagyndan geçirdi. Gullugyň hünärmenleriniň firmanyň awtoulaglarynyň çykarýan kömürturşy gazynyň mukdaryny ekologiki taýdan synaglar geçirilen mahaly gizlemek üçin ýörite kompýuter programmasyny ulanandygy äşgär edildi. Şeýlelikde ol firmanyň awtoulaglary daşky gurşawy goramak kadasyna uýýandygy babatda ýörite şahadatnama alyp bilipdir. Şol bir wagtyň özünde-de ol ulaglaryň çykarýan kömürturşy gazy ABŞ-da rugsat berlen mukdardan 40 esse köp derejede eken.

Firma ötünç sorady

"Wolkswagen" firmasy şeýle programma ornaşdyrylan ýarym milliona golaý awtoulag öndüripdir. Şeýle kompýuter programmasy bilen üpjün edilen awtoulaglaryň häzir satylmagy durzulypdyr.

Sişenbe güni firmanyň dolandyryş geňeşiniň başlygy Martin Winterkorn ýüze çykan ýagdaý sebäpli şeýle ötünç sorady: “"Wolkswagen" firmasynda şu wagta çenli şeýle gözboýagçylygyň bolmandygyny nygtamak isleýärin. Hormatly jenaplar, belli bolşy ýaly, dünýäniň ýüzünde millionlarça adam biziň öndürýän awto ulaglarymyzy, enjamlarymyzy hem tehnologiýamyzy ulanýar. Şeýle ýagdaýyň ýüze çykmagyna gaty gynandym. Men müşderilerimiziň ynamyna zeper ýetirilmegine sebäp bolanym üçin olardan we halk köpçüliginden ötünç soraýaryn”.

Bu ýagdaý bilen baglanşykly öňe sürülýän aýyplamalar doly subut edilen halatynda “Wolkswageniň” ABŞ-a 18 milliard dollar möçberinde jerime tölemäge mejbur boljakdygy aýdylýar. Şonuň ýaly-da bu ýagdaýdan soň firmanyň gymmatly kagyzlarynyň bahasynyň ýüzden 20 göterim pese gaçandygy aýan edilýär.

Ýagdaýyň çözülmegi üçin 6,5 milliard ýewro aýrylar

Firma öz taryhynda duçar bolan iň uly skandaly sebäpli dörän bu çykgynsyz ýagdaýyň çözülmegi üçin 6,5 milliard ýewro serişde aýryljakdygyny mälim edýär. Ýöne bilermenler bu serişdäniň ýeterlik boljagyndan şübhe edýändiklerini aýdýarlar.

Hünärmenleriň bellemegine görä, "Wolkswageniň" ABŞ-da diňe bir daşky gurşawy goramak kadasyny bozandygy üçin däl, eýse gözboýagçylyk, ekologiýa gullugyna nädogry maglumat bermek ýaly günäler bilen hem aýyplanmagy ahmal.

Ýuristler şol bir wagtyň özünde firmanyň käbir ýolbaşçylarynyň işiniň hem barlanýandygyny aýan edip, eger bir delil tapylaýsa, olar barada hem sud işiniň gozgalyp bilinjekdigini ýaňzydýarlar.

ABŞ-nyň Adalat ministrliginiň resmisi bolup geçýän ýagdaýlar barada öz garaýşyny beýan etmekden saklandy. "Wolkswageniň" metbugat geňeşçisi bolsa žurnalistleriň soraglaryna jogap bermekden ýüz öwürdi.

Derňewler

Sülçüler, ekologiýa kadalaryna näderejede eýerilýändigi barada degişli resmileriň geçirýän barlaglarynyň beýleki awtomobil öndürýän firmalary hem öz içine alyp biljekdigini mälim edýärler.

Adalat ministrligi bilen firmanyň aklawçylary, şol aldaw programmasynyň awto ulaglara näme sebäpden ornaşdyrylandygyny bilelikde derňärler. Sülçülik aýyplamanyň esasy üçin jikme-jik delilleriň gözleginde hem olar bilen bu ugurda hyzmatdaşlykda bolar.

Derňew işini alyp barýan sülçi Brýus Pasfildiň aýtmagyna görä, awto ulaglara oturdylan nädogry maglumat berýän şol kompýuter enjamynyň özi eýýäm ýaman niýet bilen hereket edilendiginiň alamatydyr.

Soňky birnäçe ýylyň dowamynda ABŞ-da awtoulaglary öndürýän ullakan firmalara garşy ençeme iş gozgaldy. “Toýota motor corporation” fırmasy hem käbir awtoulaglarynda hopwsuzlyk problemalarynyň ýüze çykmagyndan soň müşderilerine nädogry maglumat berendigi sebäpli 1,2 milliard dollar jerime tölemeli edilipdi.

“General Motors” firmasy bolsa bu aý awtoulaglary otlaýan etjamyndaky näsazlyklar sebäpli 900 million dollarlyk jerime tölemeli boldy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG