Sepleriň elýeterliligi

Kiýew Gazagystanyň okuw kitaplary bilen bagly protest bildirdi


Ukrainanyň Gazagystandaky ilçihanasy gazak resmilerinden ýurduň täze mekdep kitaplarynda Ukrainanyň anneksiýa edilen Krym ýarymadasynyň Orsýetiň bölegi diýlip häsiýetlendirilmegine düşündiriş talap etdi.

Ilçihananyň metbugat-wekili Iryna Blaşçukyň AÝ/AR-na aýtmagyna görä, 25-nji sentýabrda Gazagystanyň ilçihanasyna we Bilim ministrligine ýollanan resmi hatda okuw kitaplaryndan bu maglumaty “gyssagly aýyrmak” talaby öňe sürülipdir.

Gazagystanyň Bilim ministrliginiň metbugat-wekili Alibek Şokparow ministrlige şeýle hatyň gowuşandygyny AÝ/AR-na aýtdy.

Resmi hatda bellenişine görä, Gazagystanyň okuw kitaplarynda Krymyň Orsýetiň bir bölegi hökmünde häsiýetlendirilmegi “halkara jemgyýetçiliginiň, şol sanda Gazagystanyň resmi pozisiýasyna ters gelýär”. Şeýle-de Gazagystanyň Ukrainanyň territorial bütewüligine ençeme sapar goldaw bildirendigi bellenýär.

XS
SM
MD
LG