Sepleriň elýeterliligi

Separatistler BMG-den Luhansky terk etmegi talap etdi


BMG-niň ynsanperwerlik boýunça ýolbaşçysynyň 24-nji sentýabrda aýtmagyna görä, Ukrainanyň Luhansk regionynyň ýerli “de fakto häkimiýetleri” BMG-niň agentlikleriniň bu ýerden çekilmegini talap edipdirler.

Stefen O'Brien's Ukrainanyň orsýetçi separatistleriniň BMG-niň agentliklerinden we saglygy saklaýyş boýunça käbir jemgyýetçilik guramalaryndan dynç günlerinde regiony terk etmegi talap etmegine “aladalanma” bildirdi we gozgalaňçylary meselä gaýtadan seretmäge çagyrdy.

Separatistleriň iýul aýyndan bäri amala aşyrýan çäklendirmeleriniň netijesinde 16 müň tonna ynsanperwer kömegi keselhanalara ýetirilmändir. Ýerli keselhanalarda anesteziýanyň bolmazlygy sebäpli operasiýalary hem amala aşyryp bolmaýar, diýip BMG-niň resmisi belledi.

XS
SM
MD
LG