Sepleriň elýeterliligi

Separatistler BMG-den Luhanskdan çykmagy talap etdiler


Ynsanperwer kömegini edýän guramanyň agzalary.

Ynsanperwer kömegini edýän guramanyň agzalary.

24-nji sentýabrda Birleşen Milletler Guramasynyň ynsanperwerlik boýunça ýolbaşçysy gündogar Ukrainadaky “de fakto häkimiýetleriň” BMG-niň edaralaryna Luhansk regionyndan çykmagy talap edendigini aýtdy.

Stiwan Obraýn (Stephen O'Brien) gündogar Ukrainadaky orsýetparaz separatistleriň BMG-niň agentliklerinden we saglygy saklaýyş boýunça birnäçe jemgyýetçilik gurmalaryndan şu hepdäniň ahyryna çenli öz işlerini bes edip, bu regiondan çykmagyny talap etmegi bilen bagly “aladalanma” bildirdi we gozgalaňçylary meselä gaýtadan seretmäge çagyrdy.

Separatistleriň iýul aýyndan bäri amala aşyrýan çäklendirmeleriniň netijesinde takmynan 16 müň tonna ynsanperwer kömek gündogar Ukraina ýetirilip bilinmändir. Ýerli keselhanalarda anesteziýanyň ýetmezçilik edýändigi sebäpli operasiýalary geçirip bolmaýar diýip, BMG-niň resmisi belledi.

3 million çemesi adama täsir ýetirer”

Obraýn BMG-niň ynsanperwer agentlikleriniň alyp barýan işleriniň separatistleriň kontrollygyndaky Donetsk regionynda hem howp astyndadygyny sözüniň üstüne goşdy.

“150 müň çemesi adama aýlyk azyk önümleri baryp ýetmeýär” diýip, Obraýn sözüni şeýle dowam etdirýär: “Ýükleriň sebite alnyp gidilmeginiň goýbolsun edilmegi adamlaryň janyny howp astyna salýar we gyş aýlarynyň ýakynlaşmagy bilen munuň 3 million çemesi adama çynlakaý täsiri bolar”.

BMG-niň resmisi separatistleriň kontrollygyndaky häkimiýetleriň sebite ynsanperwer kömeginiň barmagyna rugsat bermezligini “halkara ynsanperwer kanunynyň aýylganç derejede bozulmagy” diýip atlandyrdy.

Sanawda 10 sany toparyň ady bar

Şol bir wagtyň özünde gürrüňi edilýän sebitdäki başga-da birnäçe döwlete degişli däl guramalardan hem 26-njy sentýabra çenli Luhansky terk etmek talap edildi.

24-nji sentýabrda gozgalaňçylaryň liderleri ýerli kanunlary “gödek bozýarlar” diýip, sebitde saglygy saklaýyş boýunça iş alyp barýan 10 sany günbatar toparynyň gadagan edilendigini aýtdylar.

Bu sanawyň düzüminde “Serhetsiz doktorlar” (MSF) we Çehiýa respublikasynyň “Mätäçlikdäki adamlar” ýaly dünýä meşhur guramalaryň atlary bar.

Geçen hepde Luhansk regionynyň separatistleri “Serhetsiz doktorlar” (MSF) atly topary Russiýada ýa-da Ukrainada talabalaýyk hasaba alynmadyk “psihotropiýa serişdelerini bikanun saklamakda” aýyplapdy.

MSF topary bu aýyplamalary örän ýiti ret etdi. 24-nji sentýabrda bu topar separatistleriň hereketleri bilen bagly “ýiti aladalanma bildirýändigini” aýdyp, Luhanskdaky edaralaryny ýapandygyny mälim etdi.

XS
SM
MD
LG