Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Horwat-serb dartgynlygy gowşaýar


Horwatiýa bilen Serbiýa, ÝB liderleri ara goşulanyndan soň, 25-nji sentýabrda öz umumy serhetlerinde migrant krizisi sebäpli dörän dartgynlyklary gowşadyp başlady.

Iki balkan ýurdy geçen hepde 1990-njy ýyllaryň Ýugoslaw konfliktinden bäri iň ýaramaz gatnaşyk ýagdaýyna baryp, demirgazykdaky gurply ýewropa döwletlerine ýetmäge çalyşýan müňläp migrant serhetden aşanyndan soň, berk serhet çäklendirmelerini girizdi.

Hatda geçen hepde bir pursatda iki tarap serhetleri doly ýapyp, harytlaryň we adamlaryň ýoluny doly bekläp goýdy. Emma olar 25-nji sentýabrda giçlik, ÝB resmileri ara goşulanyndan soň, çäklendirmeleri gowşatdylar.

Şu aralykda ÝB-niň daşary syýasat başlygy Federika Mogherini serb we horwat liderleri bilen telefonda gepleşdi.

Şondan biraz soň Horwatiýanyň Içeri işler ministrligi serhet çäklendirmelerini ýatyrdy we, birnäçe sagat soň, Serbiýa hem bu herekete eýerdi.

XS
SM
MD
LG